Aşgabatda halkara teatr festiwaly başlandy

Aşgabatda halkara teatr festiwaly başlandy

Şu gün Aşgabatda Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy.

Festiwala Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň wekiliýetleri gatnaşýarlar.

Döredijilik forumynyň açylyş dabarasy festiwala gatnaşýan ýurtlaryň medeni däp-dessurlaryny görkezýän baýramçylyk çykyşlary bilen utgaşdy.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň öňündäki meýdançada dabaraly baýramçylyk ýörişi geçirildi. Şeýle-de Aşgabadyň teatrlarynyň we Döwlet sirkiniň artistleri ajaýyp sahna we gurjak çykyşlaryny, akrobatik oýunlaryny görkezdiler. Festiwalyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar milli saz gurallarynda ýaňlanýan sazlary diňläp, şol gurallaryň we şaý-sepleriň ýasalyşyny hem synladylar.

Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň öňündäki meýdançada bezelen sahnada Türkmen döwlet medeniýet institutynyň döredijilik topary edebi-çeper çykyşy ýerine ýetirdiler. Onda Magtymguly Pyragy, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlaryň, milli we dünýä dramaturgiýasynyň nusgalyk gahrymanlarynyň keşpleri janlandyryldy.

Soňra dabaraly aýdym-sazlar ýaňlanyp, alypbaryjylar dürli dillerde teatr festiwalynyň açylýandygyny mälim etdiler.

Bu ýerde soňra sazly-horeografik çykyş we kiçi sahna çykyşlary ýerine ýetirildi.

Dabara Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň binasynda dowam edip, onuň zalynda aýdym-sazlar ýaňlandy, meşhur türkmen suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, grafikaçylarynyň eserleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň we sahna bezegçileriniň işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Soňra teatr zalynda festiwalyň resmi açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň, festiwala gatnaşyjy döwletleriň döredijilik wekiliýetleriniň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, döredijilik ugurly ýokary hem-de ýöriteleşdirilen orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Bu ýerde Türkmenistanyň teatr artistleri we tans toparlary Türkmeniň ýoly — parahatçylyk, dostluk, doganlyk ýoly atly edebi-sazly teatrlaşdyrylan sahnany görkezdiler. Soňra Türkmenistanyň medeniýet ulgamynda häzirki döwürde ýetilen sepgitler baradaky wideofilm görkezildi.

Festiwala gatnaşyjy döwletleriň döredijilik wekiliýetleri gutlag sözleri bilen çykyş edensoň, forumyň çäklerinde Türkmenistanyň teatrlarynda görkeziljek spektakllaryň wideoşekilli tanyşdyrylyşy guraldy.

Şu gün — döredijilik forumynyň birinji gününde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan Köňüller kelamy atly sahna eseri görkeziler. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Gazagystan Respublikasynyň Biken Rimowa adyndaky Taldykorgan drama teatrynyň Goragsyzlar güni atly spektakly sahnalaşdyrylar.

Agşam Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatrynda Mahmujon Wahidow adyndaky Täjik döwlet ýaşlar teatrynyň Watandan alysda bir gije atly sahna eseri tomaşaçylara ýetiriler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda bolsa Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly-drama teatrynyň döredijilik topary Şasenem we Garyp spektaklyny tomaşaçylara hödürlär.

Ýene degişli makalalar

14-nji noýabrda Türkmenistanda Halkara teatr festiwaly başlanar
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwalyň meýilnamasy belli boldy
Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynyň meýilnamasy bilen tanyş boluň!
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwalyň meýilnamasy belli boldy
MOSKWADA PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY ŞYGARY MYNASYBETLI KONSERT GEÇIRILER
Täze türkmen jemgyýetinde emele gelen sosial synplar’ (1-nji bölüm)