Aşgabatda halkara ulag forumynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi

Aşgabatda halkara ulag forumynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023 atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmen Forum hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran forumyna dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşýar. Şolaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň işgärleri, bilermenler, maýadarlar, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Wekilleriň hatarynda Vitol, Meno Logistics, Boeing, Dragon Oil, Fly Dubai, Airbus, Cargolux, Lufthansa Consulting ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň, Halkara gämiçilik edarasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Demir ýollaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara ulag forumynyň, USAID Central Asia maksatnamasynyň, Merkezi Aziýadaky Korollyk logistika we ulag institutynyň wekilhanasynyň wekilleri we köp sanly beýlekiler bar. Şeýle hem foruma Türkmenistanyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, logistika kompaniýalary, talyplar gatnaşdylar.

Häzirki zaman mahabat hem-de beýleki täzeçil enjamlar bilen üpjün edilen bölümlerde guralan serginiň çäklerinde Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

Türkmenawtoýollary agentliginiň wekilleriniň Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň döwlet sekretary bilen geçiren duşuşygynda pandemiýadan soňky döwürde ulag we logistika ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, üstaşyr ulag ugurlarynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlary kesgitlenildi.

Giň möçberli çäräniň dowamynda döwlet edaralarynyň, deňiz, howa we gury ýer ulaglary boýunça ýöriteleşen edaralaryň ýolbaşçylarynyň BAE-niň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň we beýleki döwletleriň degişli ulag düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda ulag we logistika ulgamyny ösdürmek boýunça tejribe alşyldy hem-de özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlenildi.

Şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň türkmen talyplary bilen duşuşygy guraldy. Duşuşygyň dowamynda ýaşlara BMG-niň we onuň Türkmenistanda işleýän düzümleriniň alyp barýan işi barada giňişleýin maglumat berildi.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzda giň möçberli maslahat hem-de sergi geçirilýär
Halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirlen “Halkara...
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirlen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly 2-nji halkara maslahaty we sergisi öz işini tamamlady
Halkara ulag maslahaty we sergisi başlady
Aşgabatda ulag ulgamyna bagyşlanan halkara maslahat öz işine başlady