Aşgabatda Halkara Zenanlar güni mynasybetli Zenan kalby zemin görki atly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Aşgabatda Halkara Zenanlar güni mynasybetli Zenan kalby  zemin görki atly baýramçylyk dabarasy geçirildi

1-nji martda paýtagtymyzyň Gül Zaman toý mekanynda Ulag-kommunikasiýa pudagynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda ýetip gelýän Halkara Zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi.

Halkara zenanlar güni döwlet derejesinde türkmen jemgyýetinde zenanlara uly sarpa we hormat goýulýandygyny alamatlandyrýar.

Ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynda zähmet çekýän gelin-gyzlar bu günki gün, Garaşsyz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda her bir iş gününi ýokary zähmet görkezijilerine beslemek hyjuwy bilen has-da tutanýerli zähmet çekýärler.

Baýramçylyk dabarasynda aýdym-sazlar, goşgular, wäşi artistleriň sahnalary, tans çykyşlary bu dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň döwlet gurluşynda täze kanun çykaryjy edara — Halk Maslahaty döredildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden çykyşy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary atly halkara sergi we maslahat