Aşgabatda heýkeltaraş Saragt Babaýewiň we onuň şägirtleriniň sergisi geçiriler

Aşgabatda heýkeltaraş Saragt Babaýewiň we onuň şägirtleriniň sergisi geçiriler

15-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesi ady bilen Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň hem-de onuň şägirtleriniň sergisi geçiriler.

Sergide dürli temalarda döredilen 300-den gowrak eser görkeziler.

Türkmenistanda we daşary ýurtlarda meşhur heýkeltaraş Saragt Babaýew Magtymguly adyndaky halkara baýragyna iki gezek mynasyp bolmagy başardy.. Oňa 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy ady hem berildi.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň halk suratkeşi häzirki wagtda Aşgabadyň günorta böleginde, ýagny Saglyk ýolunyň golaýynda ýerleşýän tebigy depäniň üstünde gurulýän beýik türkmen şahyry, gündogar edebiýatynyň görnükli wekili we filosofy Magtymguly Pyragynyň 60 metrlik ýadygärliginiň üstünde işleýär.

Sergi 15:00-da başlanar.

Ýene degişli makalalar

Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy bellenildi
Aşgabatda Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewe bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi
3-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkiýede türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi dowam edýär
Goşun gullugyna alnan ýaşlaryň harby kasam dabaralarynyň käbiri ýatyryldy
Diňle: Döredijilik erkinligini bogýan Aşgabat daşary ýurt edebiýatçylaryna 25 heýkel diker
Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy Aşgabatdan Moskwa ýolagçy uçuşyny amala aşyrar, Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlarynyň harby gulluga çagyryş möhleti yza süýşüriler we beýleki habarlar