Aşgabatda Iran Agrofood atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

Aşgabatda Iran Agrofood atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

16 18-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Iran Agrofood atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergi we işewürlik maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Çeşmede bellenilişine gör, sergide oba hojalyk tehnikalary, ekinleriň täze döredilen tohumlary, dökünler, himiki serişdeler hem-de azyk önümlerini gaplamagyň tehnologiýalary tanyşdyrylar.

Ýeri gelende bellesek, Iran Agrofood oba hojalyk we azyk senagatyna bagyşlanyp geçirilýän halkara sergidir. Onda oba hojalyk toplumynyň gazananlary, gaýtadan işleýji we gaplaýjy tehnologiýalar, enjamlar hem-de himiki serişdeler tanyşdyrylýar. Sergi işewürlik gatnaşyklary berkitmek we tejribe alyşmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat edýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Eýranyň “Iran AgroFood” atly ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler
Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular
Türkmenistan we Eýran ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça mejlise taýýarlyk görýärler
7-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Paýtagtymyzda Iran Agrofood atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler