Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi

Şu gün Aşgabadyň Sport myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 28-nji noýabrda tamamlanan Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi.Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mediaforuma Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), göreşiň bu görnüşi boýunça Afrika bileleşiginiň (AKU) we Ýewropa konfederasiýasynyň (EKC), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA) prezidenti Heýdar Farman mediaforumy açyk diýip yglan edip, Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýygnananlary gutlady.Onuň belleýşi ýaly, çempionatda 4 yklymyň 45 ýurdundan 181 türgen 15 medal toplumy ugrunda bäsleşdiler. 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň dowam edýän günlerinde geçirilen IKA-nyň kongresine bolsa Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, şeýle hem Günorta we Demirgazyk Amerikadan 53 ýurduň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň uly üstünliklere beslenip geçirilendigini belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa geljekki hyzmatdaşlyk hem-de mundan beýläk-de gatnaşyklar üçin täze meýdança öwrülen bu ägirt uly çäräniň üstünlikli geçirilmegine goşan goşantlary üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.

Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilip, iki gün dowam eden ýaryş Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy.Türkmen türgenleri 15 agram derejesinde çykyş edip, jemi 15 medal gazandylar, olaryň bäşisi altyn, altysy kümüş we dördüsi bürünç medallardyr.

Bu görkezijiler bilen türkmen pälwanlary medallaryň umumy sany boýunça beýleki toparlardan ep-esli öňe saýlandylar.Gazanylan altyn medallaryň sany boýunça diňe toparlaýyn bäsleşikde 7 altyn, 1 kümüş we bürünç medaly bolan Özbegistanyň milli ýygyndy toparyndan yza galdylar. Öňdebaryjy üçlügi Gazagystanyň milli ýygyndy topary tamamlady.

Gazak kuraşçylary bir altyn, iki kümüş we üç bürünç medal gazandylar.Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşan jemi 45 ýurtdan 16 ýurduň türgenleri hormat münberine çykdylar.

Mediaforumda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredendigi-de bellenildi.

2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň bäsleşikleri Türkmen Älem 52oE emeli aragatnaşyk hemrasy arkaly Türkmenistan Sport, Ýaşlyk, Täjigistan Respublikasynyň Warziş, Özbegistan Respublikasynyň Sport teleýaýlymlarynda, şeýle hem ählumumy internet torunda göni ýaýlymda görkezildi.

Мир 24, TRT Avaz, CCTV we Euronews teleýaýlymlarynda bu ýaryşa bagyşlanan ýörite gepleşikler we wideorolikler ýaýlyma berildi. Şeýle hem Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Asiavision habarlar toparynyň Halkara habarlar merkeziniň ýaýlyma beriş kompaniýalarynda beýan edildi.

Kuraş boýunça dünýä çempionaty barada makalalar Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS) we Sport metbugatynyň Aziýa birleşiginiň (ASPU) neşirlerinde çap edildi. Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler hem şu ýylyň dünýä çempionatyny şöhlelendirmekde uly işleri alyp bardylar, olaryň işlerinde Aşgabatda geçirilen iri sport çäresiniň guramaçylygynyň ýokary derejesi beýan edilýär.

Ýene degişli makalalar

AŞGABATDA GEÇIRILJEK HALKARA HOKKEÝ ÝARYŞYNA BAGYŞLANAN MEDIAFORUM
Haýder Farman Türkmenistanyň Prezidentine Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede geçirilendigi üçin hoşallyk bildirdi
Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini gutlady
"Galkan" hokkeý toparyny sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler
Kuraş 2023: SABINA KADYROWA 16 ÝAŞDA DÜNÝÄ ÇEMPIONY!
Kuraş 2023: Jahan Muhammedowa kümüş medala mynasyp boldy