Aşgabatda metjitlere gözegçilik güýçlendirilip, “aşa dindarlar” gözlenýär

Aşgabatda metjitlere gözegçilik güýçlendirilip, “aşa dindarlar” gözlenýär

Musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Remezan aýy dowam edýän mahaly, Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary metjitlere barýan raýatlara gözegçiligi güýçlendirdiler.

Aşgabadyň metjitlerinde howpsuzlyk işgärleri tarapyndan “aşa dindar” hasaplanýan raýatlar soraga çekilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji martda paýtagtdan maglumat berdi.

“Şu günler paýtagtyň metjitlerinde ýörite gulluklaryň raýat we polisiýa eşigindäki ýüzlerçe işgäri bar. Olar üçin şu günler ýurtdaky aşa dindarlary’ göz astyna almak üçin amatly pursat bolýar. Gündizlerine agyz beklän dindarlar agşam çagy metjitlere jemlenip, tarawa namazyny okaýarlar. Howpsuzlyk işgärleri olary synlap, arasyndan aşa dindarlary’ gözleýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Howpsuzlyk işgärleriniň “aşa dindarlary” nädip kesgitleýändigini anyklamak başartmady. Ýöne “aşa dindar” hasaplanan raýatlara ertesi gün jaň gelýär we olar bellenen ýere söhbetdeşlige çagyrylýar.

“Etrap polisiýa bölümine ýa-da Jemagat ýaşaýyş jaý ulanyş bölüminiň jaýlaryň birinji gatyndaky nokatlaryna çagyrylýan raýatlar soraga çekilýär. Olardan esasan şu soraglar soralýar: Haçandan bäri namaz okaýarsyň? Namaz okamagy kim ündedi? Ady, familiýasy näme? Onuň özi hem okaýardymy? Ol başga nämeleri ündedi?” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýörite gulluklar raýatlardan merhumyň üçüni, ýedisini we kyrkyny belleýändigini ýa-da bellemeýändigini hem soraýarlar. Eger raýatlar “Gurhanda bulary bellemeli diýlen zat ýok” diýip jogap berseler, onda olar “wahabimzde” aýyplanýarlar.

“Bu raýatlar gara sanawa goşulýar. Olaryň sakgaly bar bolsa, syrmaga mejbur edilýärler” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Habarçymyz metjitdäki howpsuzlyk işgärleriniň türmeden boşap, häzir dine ýykgyn edýän, namaz okap, agyz bekleýän adamlary köpçüligiň içinde kemsidýändigini hem aýdýar.

“Jenaýat edip, türmede oturyp çykyp, indi sakgal goýberişip, molla bolan bolýarlar diýip, polisiýa işgärleri hemmelere eşitdirip gygyrýarlar. Olaryň gaharly garaýyşlaryna we dindarlaryň ýüzlerini alyp duran pursatlaryna ýygy-ýygydan şaýatlyk edýärsiň” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Azatlyk bu barada Aşgabadyň Polisiýa müdirliginden we Milli howpsuzlyk ministrliginden telefon arkaly teswir alyp bilmedi.

Habarçylarymyz bu çäreleriň, şu ýyl Remezan aýynda agyz bekleýän we metjitlere barýan adamlaryň sanynyň, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, göz-görtele köpelen mahalyna gabat gelýändigini aýdýarlar.

“Ykdysady krizisiň, giň ýaýran işsizligiň, azyk gymmatçylygynyň, syýasy doňaklygyň we üzňeligiň dowam edýän döwründe ilat haraý gözläp, Alla we dine ýykgyn edýär.Ilat arasynda hökümetiň içerki we daşarky syýasatynyň gelejegine bolan ynamyň gaçmagy we ruhy boşlugyň döremegi bilen, metjitlere tarawa namazyna barýan ýaşlaryň sany hem köpeldi.

Bu ýagdaýlar, hökümeti durnuksyzlykdan howatyrlanyp, alada goýýana meňzeýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli synçy anonim şertde gürrüň berdi.

Aşgabadyň howpsuzlyk işgärleriniň metjitlere barýan raýatlara gözegçiligi güýçlendirmegi, Lebabyň häkimiýetleriniň ilaty agyz beklemäge, "Arkadagdan görelde almaga" çagyrýan mahalyna gabat geldi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 41-nji maddasynda her bir adamyň özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýändigi, onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga haklydygy nygtalýar.

Muňa garamazdan, ilatynyň aglaba bölegi Yslam dinine uýýan, ýöne dünýewi döwlet bolan Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny çäklendirmekde tankyt edilýär.

Ýurt raýatlarynyň iş ýerinde namaz okamagyna ýa metjide gatnamagyna garşy çäre görülýändigi, dine uýýan raýatlaryň basyşlara we yzarlamalara sezewar bolýandygy, olaryň öýüniň dökülip, dini kitaplarynyň ýygnalýandygy barada Azatlygyň habarçylary hem-de çeşmeleri yzygiderli maglumat berýärler.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2014-nji ýyldan bäri Türkmenistany raýatlaryň din azatlyklary babatynda “aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” sanawynda saklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
Änewde gurlan täze metjit Seýit Jemaleddin metjidi diýlip atlandyrylar
Aşgabatda kalligrafiýa sungatynyň we Gurhan kitabynyň sergisi açyldy
​Lebapda, Moskwa hüjüminden soň, howpsuzlyk güýçlendirildi
Nahajul Faradis atly eseriň türki dile goşan goşandy
Diňle: Aşgabatda metjitlere gözegçilik güýçlendirilip, “aşa dindarlar” gözlenýär