Aşgabatda nusgawy aýdymdyr sazlaryň konserti geçiriler

Aşgabatda nusgawy aýdymdyr sazlaryň konserti geçiriler

Şu ýylyň 16-njy dekabrynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin nusgawy aýdymdyr sazlaryň konserti geçiriler. Konsert Türkmenistan kinokonsert merkezinde guralar.

Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowa, Maýa Gullaýewa, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşigiň ýeňijisi Begenç Moşşyýew dagy çykyş ederler. Görnükli aýdymçylara Stella Faramazowa, Bahram Dolyýew, Tahyr Ataýew, Akmyrat Gurbanow, Kakageldi Hojalekow dagy sazadarlyk ederler.

Konsert 19:00-da başlanar.

Habarlaşmak üçin +99365-05-29-67 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda nusgawy aýdymdyr sazlaryň konserti geçiriler
Türkmen sazandalary Iogannes Bramsyň iň gowy eserlerini ýerine ýetirdiler
Konserwatorýanyň Uly zalynda saz barokkosy eýýamynyň ussatlarynyň eserleri ýerine ýetirildi
Ýewropa nusgawy aýdym-sazlary, rus ýarmarkasy we türkmen dessany sazlaşykly ýaňlandy
Aşgabat Halkara aýdym-saz gününi konsert bilen belledi
Türkmen milli konserwatoriýasynda Juzeppe Werdiniň doglan gününiň 210 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi