Aşgabatda Özbegistan 2030 strategiýasy hödürlendi

Aşgabatda Özbegistan  2030 strategiýasy hödürlendi

28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Özbegistan 2030 strategiýasynyň mazmunyna we onuň täzelenen taslamasyna bagyşlanan brifing geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini Özbegistanyň uzak möhletleýin durnukly ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamanyň möhüm maksatlary bilen tanyşdyrdy.

Strategiýa jemgyýetçilik pudagyny, ykdysady ösüşi, tebigy serişdeleri tygşytly ulanmagy hem-de kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmegi öz içine alýan bäş sany ileri tutulýan ugur boýunça ýüz maksady öz içine alýar.

Raýatlaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin şertler döredilýär.Brifingiň möhüm temalarynyň biri hem sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boldy.Häzirki geosyýasy şertlerde Merkezi Aziýa Beýik Ýüpek ýolunyň döwründäki taryhy ornuny täzeden dikeldip, Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda baglanyşdyryjy köpri hökmünde çykyş edýär.

Täzelenen strategiýa hoşniýetli goňşuçylyk we özara ynanyşmak syýasatyna ünsi jemläp, bu ugurda esas bolup hyzmat edýär. Özbegistan üçin doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmek aýratyn ähmiýete eýedir. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň berk syýasy tutanýerliligi netijesinde iki ýurduň hyzmatdaşlygy strategik hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykdy. Çykyşyň dowamynda açyk Özbegistanyň ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek ýaly giň möçberli transsebitleýin taslamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup galýandygy bellenildi. Özbegistan 2030 strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň howpsuzlygyny we abadançylygyny pugtalandyrmaga goşant goşýar.

Resminamanyň taslamasy häzirki wagtda giňişleýin jemgyýetçilik maslahatlaşmalaryndan geçýär, bu bolsa raýatlaryň hakyky isleglerini nazara almaga mümkinçilik berýär.Täzelenen maksatnama iki ýurduň halklarynyň bähbidine dostlukly özbek-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna täze itergi berer.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Rawşanbek Alimow Özbegistanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine bellenýär
Özbegistanyň täze Ilçisi Türkmenistanyň DIM-niň baştutanyna ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
Özbegistanyň täze ilçisi Türkmenistanyň DIM-inde ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
3-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy