Aşgabatda okuwçy ýaşlaryň telefonlary barlanýar, 'ygtybarsyz hojalyklar' anyklanýar

Aşgabatda okuwçy ýaşlaryň telefonlary barlanýar, 'ygtybarsyz hojalyklar' anyklanýar

Ýerli polisiýa edaralarynyň ýetginjekler bölümi we mekdep resmileri 22-nji ýanwarda Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebinde okuwçylaryň elektron enjamlaryny, okuw esbaplaryny we el goşlaryny duýdansyz barlady.

Barlaglarda ýüze çykarylan akylly telefonlar we sagatlar hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümlerine iberildi diýip, barlaglardan habarly bir paýtagtly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şeýle-de, ýokary synp okuwçylaryň arasynda çilim, nas we käbir derman serişdeleri tapylyp, olar hem hukuk goraýjy edaralara iberilipdir.

Ýöne barlaglarda esasy üns ýetginjek ýaşlaryň akylly enjamlaryndaky maglumatlaryň mazmunyna gönükdirildi.

“Hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümlerini gyzyklandyrmaýan maglumatlary özünde jemleýän telefonlar jerime ýazylyp, eýelerine gaýtarylyp berilýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

“Ýöne VPN programmalary arkaly döwlet tarapyndan oňlanmaýan sosial torlara girýän okuwçy ýaşlar häkimiýetler tarapyndan seljerilýär. Şol okuwçylaryň gelip çykan maşgalalary häkimiýetler tarapyndan içgin öwrenilip, ene-atalar soraga çekilýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Şeýle hojalyklar häkimiýetler tarapyndan “ygtybarsyz hojalyklar” hasaplanylýar. Olar jogapkärli döwlet wezipelerinden çetde tutulýarlar.

Türkmenistanda Bilim ministrliginiň inspektorlary orta mekdeplerde her iki-üç aýda bir gezek öňünde meýilleşdirilmegik duýdansyz barlaglary geçirip durýarlar.

Ýöne bu barlaglardan daşary, polisiýa edaralarynyň ýetginjekler bölümleri we terbiýeçilik işleri boýunça bilim işgärleri hem okuwçy ýaşlaryň arasynda häli-şindi duýdansyz barlaglary geçirýärler. Şeýle çärelerde köplenç okuwçylaryň telefonlary barlanýar we gyzyklanmalary seljerilýär.

“Ygtybarsyz hojalyklarda ýaşap, döwlet wezipelerinde işleýän adamlar eýeleýän wezipelerinden boşadylýar, basyşlara sezewar edilýär” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Häkimiýetler döwlet tarapyndan “oňlanmadyk” onlaýn maglumatlar bilen gyzyklanýan ýaşlaryň hem-de olaryň gelip çykan maşgalalarynyň “watana we prezidente bolan söýgüsini” terezä salýarlar.

“Öz maşgalasynda, ogul-gyzlarynyň arasynda watana we prezidente bolan söýgini, wepadarlygy ornaşdyryp bilmedik maşgalabaşynyň ene-ata hökmündäki borçlaryny ýerine ýetirmek ukyplary sorag astyna alynýar we olar öz maşgalalaryny oňaryp bilmezlikde aýyplanýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Hökümetiň alyp barýan işlerini we syýasatyny tankytlaýan islendik pikir-garaýyş we olaryň sosial ulgamlarda beýan edilmegi Türkmenistanda raýatlar üçin köp sanly oňaýsyzlyklara, hatda yzarlamalara we jeza çärelerine ýol açyp bilýär.

Şol bir wagtda, ýurtda onlaýn maglumat çeşmeleri berk gözegçilik astynda saklanylýar. Şeýle gözegçilik çäreleri döwlet baştutanlary tarapyndan berk tabşyrylýar.

Ýatlasak, 2022-nji ýylyň ýanwarynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bir mejlisinde degişli düzümlere Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini çäklendirmek işleriniň kämilleşdirilmegi tabşyryldy.

Orta mekdeplerde şeýle barlaglar ýygy-ýygydan geçirilip durulýar. Okuwçylaryň mekdebe telefon getirmegi gadagan edilýär. Telefonlardaky maglumatlar duýdansyz barlanylyp bilinýär.

Fiziki barlaglardan daşary, ýurduň onlaýn giňişligi, raýatlaryň Internet işjeňligi berk çäklendirmelere sezewar edilýär. Ýurtda azyndan 122 müňden gowrak internet domen salgysy petik astynda saklanylýar.

Iri sosial torlar, şol sanda Facebook, Instagram we Twitter ýaly Internet saýtlary, şeýle-de WhatsApp we Telegram ýaly messenjerler berk petik astynda saklanylýar.

Mundan ozal, ýurduň dürli künjeklerinde Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda mekdep okuwçylarynyň telefonlary barlanyldy.

Has ozal, noýabryň ortalarynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň orta mekdeplerinde ahlak gözegçiligi güýçlendirilip, ýetginjek ýaşlara Internetden daşda durmaklyk tabşyryldy.

Azatlyk Radiosy 32-nji mekdepde geçirilen barlaglar boýunça Aşgabat şäheriniň bilim bölüminden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

2021-nji ýylyň alty aýynda Türkmenistanda telekeçileriň sany 8%-den gowrak artdy
Saglyk elýetmez baýlyk
iPhone-da iýmit gözegçiligi funksiýasy peýda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary bilen maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary bilen maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary bilen maslahat geçirdi