Aşgabatda Reňkler döwürleriň dessany atly sergi gurnaldy

Aşgabatda Reňkler döwürleriň dessany atly sergi gurnaldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Reňkler döwürleriň dessany atly sergi gurnaldy. Sergide geçen asyra degişli muzeýiň ýiti öwüşginli, naýbaşy nakgaş eserleri ilkinji gezek görkezilýär.

Serginiň başy Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň kanoniki eserleri bolan Magtymgulynyň portreti we Döwletmämmet Azadynyň portreti bilen açylýar.K.Mişiniň eserleri hem sergide görkezilip, onuň eserleriniň üstünden 120 ýylyň geçenligine garamazdan reňkleriň ýitiligi, özüniň täsirliligi bilen öwüşgünini artdyrýar.

Türkmenistan ýurdumyzda 1930-njy ýyllarda syýahat edip, türkmen durmuşyny, zähmetkeş işçileri çeken N.Terpsihorowyň.K.A.Wýalowyň eserleri hem serginiň görnükli ýerinde ýerleşdirilipdir. Şeýle-de şekillendiriş sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşan halypa suratkeş I.I.Çerinkonyň eserleri hem sergide öz beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza berlen sowgatlyk eserlerinden daşary ýurt suratkeşleri Frans Rubonyň, A.Sorokiniň, I.P.Rubinskiýniň we birnäçe näbelli suratkeşleriň eserlerini hem sergide görmek bolýar. Şeýle-de halypa suratkeşlerden S.Beglýarow, Y.Gylyjow, Ý.Annanurow, G.Begmyradow ýaly ussatlary aýdyp geçmek bolýar. Şol ussatlaryň döreden ajaýyp eserleri bu günki gün sergimize aýratyn gözellik berýär.

Bularyň döreden eserleriniň ählisinde diýen ýaly türkmen şekillendiriş sungatyna mahsus ýiti reňkler sazlaşykly ulanylýar.Halypa suratkeş A.Amangeldiýewiň Soltan Sanjaryň Merwe girmegi atly eseri üçin döreden portret eserleri hem türkmen halkynyň şöhratly taryhyny janlandyrýar.

Şeýle-de sergide heýkel eserleri hem görkezilip, heýkeltaraşlar A.Şetininiň, J.Jumadurdyýewiň, M.Nurymowyň, W.Jumaýewiň döreden eserleri wajyp orny eýeleýär. Şeýle tanymal suratkeşleriň ajaýyp eserleri taryhymyzy, gözel tebigatymyzy, medeni mirasymyzy, ata-babalarymyzyň başdan geçiren wakalaryny öwrenmekde ähmiýeti uludyr.

Halypa suratkeşleriň muzeýlerde goýup giden baýlyklary bahasyzdyr.Olar döretmek bilen diňe bir öz atlaryny taryha ýazman eýsem, döreden şol ajaýyp eserleri bize ýadygärlik nusga galdyrdylar. Üstünden näçe wagtyň geçendigine garamazdan, asyrlarboýy saklanyp galyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetmeginiň özi bu eserleriň iň kämil we nusgalyk derejede ýerine ýetirilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy.Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniji, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew, Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň direktory Öwezgeldi Ýagmyrow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniji, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ogulabat Muhatowa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri suratkeş Saparmämmet Meredow çykyş etdiler.

Myhmanlar täsirli gurnalan sergiden hoşal boldular.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli suratkeşiň döredijiligine bagyşlanan sergi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Halypalaryň mekdebi halkyň ruhy mirasydyr atly ýatlama çäresi
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Çary Amangeldiýewiň hem-de Amanmuhammet Hydyrowyň döredijilik sergisi açyldy
Hasyl bolan arzuw
ÖRKÜNI AÝDYMA BAGLAN BAGŞY