Aşgabatda Skechers haryt nyşanly sport aýakgaplarynyň dükany açyldy

Aşgabatda Skechers haryt nyşanly sport aýakgaplarynyň dükany açyldy

Türkmenistanda ilkinji gezek Altyn Zaman söwda merkezinde dünýä belli Skechers amerikan haryt nyşanynyň sport aýakgaplarynyň dükany açyldy.

Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary Skechers haryt nyşanly sport aýakgaplarynyň aýratynlyklaryna baha berip bilerler. Ýeňillik, topuklaryň ajaýyp şekili, gowulandyrylan daban hereketi, şeýle hem ýatda saklamak täsiri bolan Memory Foam petegi Skechers sport aýakgaplaryny sport bilen meşgullanmak üçin hem, gündelik geýmek üçin hem ajaýyp aýakgap bolmagyny üpjün edýär.

Skechers haryt nyşany tegelek dabany bolan meşhur Skechers Shape Ups sport aýakgaplarynyň awtorydyr. Olary döredijileriniň bellemeklerine görä, bu sport aýakgaplary bilen hatda sport zalynda güýç sarp etmän hem horlanyp bilersiňiz. Skechers Shape Ups sport aýakgaplaryny mahabatlandyryp çykyş eden haryt nyşanynyň ýüzleriniň biri hem meşhur amerikaly işewür zenan, aktrisa we fotomodel Kim Kardaşýandyr.

1992-nji ýyl bu haryt nyşanynyň esaslandyrylan ýyly hasaplanýar. Kompaniýa çalt depginde ösdi, yzly-yzyna özüniň dükanlaryny ilki ABŞ-da, soňra beýleki ýurtlarda açdy. Häzirki wagtda Skechers ABŞ-da we bütin dünýäde sport aýakgaplaryny öndürijileriniň iň irileriniň arasynda ilkinji üçlüge girýär.

Aşgabatda Skechers haryt nyşanly sport aýakgaplaryny şu salgyda satyn alyp bilersiňiz: Alyşir Nowaýy köç., 100-nji jaý, Altyn Zaman SM, 1-nji gat.

Ýene degişli makalalar

Erkek egin-eşigi we aýakgap dükany Zilli 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär
Aşgabatdaky Dolce&Gabbana dükanynda awgust aýynyň ahyryna çenli bahalar arzanladyldy
Italiýanyň Stefano Ricci haryt nyşanynyň dükany erkek egin-eşiklerine 50%-e çenli arzanladyş hödürleýär
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÄHLI HALKYNA
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasyndaky ÇYKYŞY
Aşgabatda jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy ýaramazlaşdy