Aşgabatda Soltan Sanjar atly taryhy dramanyň ilkinji görkezilişi boldy

Aşgabatda Soltan Sanjar atly taryhy dramanyň ilkinji görkezilişi boldy

Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Soltan Sanjar atly taryhy dramanyň ilkinji görkezilişi boldy. Spektakly Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary taýýarladylar.

Taryhy drama Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň edebi esasynda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň professory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Annamyrat Saparmuhammedowyň režissýorlyk, institutyň mugallymy Gurbandurdy Agalykowyň assistentlik etmeginde halk köpçüligine ýetirildi.

Spektaklda Baýramhan Gaýyrow, Didar Annaýew, Mekan Durdyýew, Pena Arazdurdyýew, Ýolmyrat Saryýew, Bagtyýar Dolyýew, Kuwwat Dadylyýew, Şatlyk Aşyrow, Lälezar Saparowa, Şerapat Kerimowa, Çemen Maşadowa ýaly talyplar çykyş etdiler. Eserde Beýik Seljuk imperiýasynyň adalatly hökümdarlarynyň biri bolan Soltan Sanjar bilen bagly taryhy wakalar gürrüň berilýär.

Spektaklyň ilkinji görkezilişi üstünlikli bolup, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne atly täze sahna oýny taýýarlanylýar
Daşoguz şäherinde Maşgalam — baş galam atly üç görnüşli sahna oýny görkezildi
Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda çagalar üçin täze spektakl sahnalaşdyryldy
Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň sahnasynda Giýewleriň bäsleşigi 20 ýyldan gowrak wagt bäri tomaşaçylara görkezilýär
Asly-Kerem türkmen halk dessany esasynda sahnalaşdyrylan spektakl görkezildi
Asly-Kerem sahnada