Aşgabatda SPEKA-nyň ykdysady forumy öz işine başlady

Aşgabatda SPEKA-nyň ykdysady forumy öz işine başlady

Şu gün Ýyldyz myhmanhanasynda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) ykdysady forumy öz işine başlady. Durnukly ösüşiň bähbidine sebitara özara baglanyşygy pugtalandyrmak meseleleri forumyň gün tertibinde esasy orny eýeleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow forumyň gatnaşyjylaryna Gutlag hatyny iberdi.

Forumyň açylyşynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri, şeýle hem SPEKA agza ýurtlaryň: Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ykdysadyýet we söwda ministrleriniň orunbasarlary gutlag sözi bilen çykyş etdiler.

Foruma Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow başlyklyk edýär.

Günüň birinji ýarymynda Hazarüsti sebitinde we onuň çäklerinden daşarda özara energetika baglanyşygy baradaky meselelere serediler. Forumyň günüň ikinji ýarymyndaky bölümi bolsa Ýewraziýa ulag gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ulag özara baglanyşygy temasyna bagyşlanar.

Forum öz işini 22-nji ýanwara çenli dowam eder.

BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPEKA) 1998-nji ýylyň 26-njy martynda döredildi. Häzirki wagtda Owganystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan SPEKA-nyň agzalary bolup durýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ESCAP-yň 82-nji sessiýasynda: sebit integrasiýasynyň we howa durnuklylygynyň ileri tutulýan ugurlary
Kuwwatly ykdysadyýet — gülläp ösýän ýurt
27.12.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
07.02.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
07.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy
Türkmenistanda ählumumy gün tertibi boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi