Aşgabatda Türki medeniýetiň hepdeligine badalga berildi, Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy uçarlara tehniki hyzmatlaryň ýola goýluşy bilen tanyşdylar, Türkmenistana ermenistanly teležurnalistler çagyryldy we beýleki habarlar

Aşgabatda Türki medeniýetiň hepdeligine badalga berildi, Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy uçarlara tehniki hyzmatlaryň ýola goýluşy bilen tanyşdylar, Türkmenistana ermenistanly teležurnalistler çagyryldy we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde agza döwletleriň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konsertleri geçirilýär, şeýle hem fotosuratlaryň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Hepdelik 28-nji iýunda türki döwletleriň opera aýdymçylarynyň we Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň bilelikdäki konserti bilen tamamlanar.

2.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde Aşgabat Halkara howa menziliniň çäklerinde ýerleşýän täze desgalar bilen tanyşdylar.Türkmenhowaýollary agentliginiň ýolbaşçysy Döwran Saburow desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, olaryň enjamlaşdyrylyşy hem-de uçarlara tehniki hyzmatlaryň ýola goýluşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenhowaýollary agentliginiň tehniki parkynyň üsti täze, häzirki zaman uçarlary bilen ýetirilýär. Ýakynda Türkmenistana 2 sany Airbus A330-200P2F kysymly ýük uçary gelip gowuşdy.Bu görnüşli uçarlar Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek ulanylýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy esasynda ýene-de 7 sany uçaryň satyn alynmagy meýilleşdirilýär.

3.Ermenistanyň Jemgyeýtçilik telewideniýesiniň žurnalistleri Türkmenistana çagyryldy. Çakylyk Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow tarapyndan Ermenistanyň Jemgyeýtçilik telewideniýesiniň müdiri Oganes Mowsesýan bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda teklip edildi.Ilçi türkmenistanly myhmanlaryň birnäçe gezek Jemgyeýtçilik telewideniýesiniň irdenki gepleşigine gatnaşandygyny we munuň ermeni tomaşaçylaryň giň köpçüligini türkmen halkynyň gadymy taryhy we özboluşly medeniýeti bilen tanyşdyrmak üçin aýajyp mümkinçilik bolandygyny belledi.

Aýazow ermenistanly teležurnalistleri täze Arkadag şäheri, Aşgabat we tutuş ýurt barada reportažlary taýýarlamak üçin Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.

4. 10-njy iýuldan 7-nji awgusta çenli aralykda Aşgabadyň Döwlet sirkinde Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň we Reňkli bulwardaky Ýuriý Nikulin adyndaky Moskwa sirkiniň artistleri çykyş ederler. Çykyşlaryň maksatnamasy akrobatik çykyşlary, baş öwredilen haýwanlaryň, žonglýorlaryň we darbazlaryň, şeýle hem masgarabazlaryň çykyşlaryny öz içine alýar.

Russiýaly artistleriň Türkmenistandaky çykyşlary 2023-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli dowam eder.Sirk çykyşlary Mary, Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat şäherlerinde hem geçiriler.

5.Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky nebit önümlerini öndürýän kärhanada 3000 kubmetrden gowrak nebit önümlerini saklamak üçin üç sany täze metal ätiýaçlyk çelegi guruldy hem-de ulanylmaga berildi.Bu kärhana üçin nebit önümlerini ygtybarly saklamak we ýüklemek meselelerini çözmäge mümkinçilik döreder. Şeýle hem şu ýyl kärhanada birbada 18 sany benzin gatnadyjy awtoulagy doldurmaga mümkinçilik berýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen estakada guruldy we ulanylmaga berildi.

6. Türkmenistanyň welaýatlarynda we paýtagtynda mugt surdoterjime hyzmaty ýola goýuldy, ol kerlere we eşidişi pes adamlara dürli guramalar, şol sanda notarial edaralar, hassahanalar, banklar we häkimlikler bilen aragatnaşygy guramakda ýeňillikleri döreder. Surdoterjimeçiler Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň ýerli bölümlerinde hepdede bäş gün işleýärler. Olar iş otaglarynda we onuň daşynda janly nobat şertlerinde dilden terjimäni amala aşyrýarlar.

Dünýäde

7.Gazagystanda Astana şäheriniň 25 ýyllygy mynasybetli paýtagtyň Ýaşlar syýasatynyň meseleleri boýunça müdirligi Iň gowy ýaş ýazyjy atly edebi bäsleşigi yglan etdi, oňa paýtagtda ýaşaýan 14 35 ýaş aralygyndaky ýaş şahyrlar we ýazyjylar gatnaşyp bilerler. Ýeňijiler 500 müň teňňe (1100 dollardan gowrak) möçberde baýrak bilen sylaglanarlar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin degişli arzany we goşgy ýa-da proza görnüşinde ýazylan eseri tabşyrmaly.Bäsleşigi guraýjylaryň bellemeklerine görä, onuň esasy maksady ýurduň taryhyna we medeniýetine gyzyklanmany artdyrmakdan, ýaşlaryň oňyn başlangyçlaryny goldamakdan hem-de ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

8.Britaniýanyň Domino`s kompaniýasy pizzany arkasynda reaktiw enjamy bolan çaparlar arkaly eltip bermek mümkinçiligini özleşdirdi.Uçýan enjamly lybaslar Gravity Industries kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylýar.Synaga pizza taýýarlamak boýunça kärhanalar zynjyry we ýörite çagyrylan çaparlar gatnaşýarlar.

Arkasynda uçuş enjamy bolan çaparyň ilkinji uçan ýeri Glastonberi şäheriniň golaýy boldy. şol ýerde adybir rok-festiwaly geçirilýärdi. Çapar pizzany iň golaýdaky çörekhanadan aldy, meýdançanyň üstünden uçup geçdi, saklandy, sargydy gowşurdy we uçmagyny dowam etdi.

Sport habarlary

9.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) wise-prezidenti, Aziýa welosport konfederasiýasynyň (ACC) prezidenti Osama Al Şafary kabul etdi.Prezident Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan sportuň ähli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlary geçirmäge ukyplydyr we Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki ajaýyp ýapyk Welotrek binasyny ulanmagyň mümkinçiliklerine garamaga taýýardyr. Öz gezeginde, Aziýa welosport konfederasiýasynyň prezidenti Türkmenistanyň iri sport ýaryşlaryny birkemsiz guramakda tejribe toplandygyny, munuň bolsa ýurtda dünýä ýaryşlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmekde ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigini nygtady.

10.Türkmenistanda Aşgabatdaky Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynyň saýty işe girizildi.Saýtyň baş sahypasynda sport toplumy we ondaky hereket edýän sport meýdançalary barada giňişleýin maglumat ýerleşdirilendir.

Hyzmatlar bölüminde toplumyň iş tertibi bilen tanyşmak, tomaşaçylar üçin petekleri hem-de konkide typmak üçin aýratyn petekleri onlaýn satyn almak mümkindir. Şeýle hem bu ýerde dostluk duşuşyklaryny geçirmek meýdançany we konkileri kärendesine almak mümkindir.

Ýene degişli makalalar

12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň ilçisi Liwanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
Ermenistanda Arkadag şäheriniň seýsmiki mikrosebitleýiş işleri tanyşdyryldy
Türkmen ilçisi Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
Moskwany we Aşgabady Türkmen howa ýollarynyň göni howa gatnawy birikdirer, diplomlary Türkmenistanda ykrar edilýän iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň 2023-nji ýyldaky sanawy köpçülige ýetirildi we beýleki habarlar
FlyDubai Aşgabada dowamly uçuşlary dikeltdi, Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy, Saratow uniwersitetinde türkmen talyplarynyň sany birnäçe esse artdy we beýleki habarlar