Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy.Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de işewürler gatnaşdylar.

Gözden geçirilişe gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat uly wekiliýet topary, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän 100-e golaý kompaniýanyň we hususy kärhananyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri Aşgabada geldiler.

Köpugurly sergi türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli önümleriň giň toplumyny senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlaýyn düzümleri, gurluşyk serişdelerini, hojalyk we elektronika tehnikalaryny, öý hojalyk harytlaryny, dokma önümlerini we beýlekileri tanyşdyrýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Eýran Gürgende türkmen önümleriniň sergisini geçirmegi maslahatlaşdylar
Iran Agrofood atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady
Aşgabatda Iran Agrofood ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär
Ertir Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi başlaýar
Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
Türkmenistan bilen Türkiýe potratçylyk taslamalaryny durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar
Aşgabatda Türkmentel-2024 Halkara sergisi açyldy