Aşgabatda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary maslahatlaşyldy

Aşgabatda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary maslahatlaşyldy

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza sapar bilen geldi.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňňur taryhy, medeni we dil umumylygyna esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedigini bellemek gerek. Ýokary derejede işjeň goldanylýan bu hyzmatdaşlyk hereket edýän netijeli gural — bilelikdäki türkmen-tatar iş topary arkaly işjeň ilerledilýär.

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, öňki geçirilen mejlisde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek ýaly meseleler girizildi.Toparyň ýolbaşçylary özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Nygtalyşy ýaly, iki tarap hem bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda bar bolan mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmagy maksat edinýärler.Taraplar ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Şunda söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat ulgamlary geljegi uly ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlaryna aýratyn üns çekildi.

[...]

Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler, milli ykdysadyýetiň çalt depginlerde diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň hem-de sanlylaşdyrylmagynyň ugur edinilmegi, bar bolan ägirt uly ykdysady we eksport kuwwatlyklary Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şunda dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň iki tarap üçin hem ähmiýetli boljakdygy nygtaldy.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisi 21-nji noýabrda öz işini dowam eder.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Türkmen-tatar gatnaşyklaryny pugtalandyrylýar
Aşgabatda türkmen-tatar iş toparynyň mejlisi geçiriler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen-tatar iş toparynyň mejlisine taýýarlyk görülýär
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI