Aşgabatda “Türkmenistan BAE” işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda “Türkmenistan  BAE” işewürlik maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde sişenbe güni “Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleri” (BAE) işewürlik maslahaty geçirildi.

Işewürlik forumyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow we Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marriniň ýolbaşçylygyndaky dostlukly ýurduň hökümet we işewür gurluşlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylar iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport we maýa goýum mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar we özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem forumyň dowamynda esasan-da söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklaryna aýratyn üns berildi.

“Türkmenistan BAE” işewürlik maslahatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda halkara maýa goýumlaryny we milli taslamalary durmuşa geçirmegiň ösüş depginini we netijeliligini aýdyň görkezýän sergi guraldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda