Aşgabatda Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly meselelere bagyşlanyp tegelek stol geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly meselelere bagyşlanyp tegelek stol geçirildi

Türkmenistanda ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen baglanyşykly geljekki hereket meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada BMGÖM-üň metbugat gullugy habar berýär.

Maslahata Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň agzalary, şeýle-de ýurduň beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Tegelek stoluň dowamynda halkara bilermen, Russiýa Federasiýasynyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) tejribe merkeziniň geňeşçisi Maksim Medwedkow Ýol kartasynyň taslamasyny tanyşdyrdy.

Resminamada Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagyna taýýarlyk görmek we BSG-niň 2022-2025-nji ýyllar üçin talaplaryna laýyk gelýän kanunlary taýýarlamagyň hereket meýilnamasy beýan edilýär.

Ýol kartasy taslamasynyň aýratynlyklary kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny özgertmek üçin häzirki meýilnamany, şeýle hem teklipleriň doly sanawyna esaslanyp görüljek çäreleriň yzygiderliligini öz içine alýar.

Bu çäräniň Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň goldawy esasynda BMGÖM-üň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma taslamasynyň çäklerinde geçirilendigini bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri Astanada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Sebitleýin keýs-çempionatyna gatnaşdylar
HSM-niň bilermeni: Türkmenistan Ýewropada uly isleg bildirilýän harytlaryň giň görnüşini öndürýär
Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda strategik köpri hökmünde çykyş edýär
2026-njy ýylyň ilkinji üç aýynda türkmen türgenleri 123 medal gazandylar
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çäresi geçirildi
BSGG-nyň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
Türkmenistanyň makroykdysady durnuklylygy we ählumumy integrasiýasy IFT 2026 halkara forumyň esasy mowzuklarynyň hatarynda