Aşgabatda Türkmenistanyň kazylarynyň VI maslahaty geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň kazylarynyň VI maslahaty geçirildi

9-njy fewralda Aşgabatdaky Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň VI maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine ýurduň kazyýet edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi. Maslahata Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, çykyş edenler Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hukuk ulgamynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň netijesinde häzirki döwürde dürli ugurlarda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny bellediler. Şunda döwletiň her bir raýatyň erkin we mynasyp derejede ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek bilen, adamyň durmuş goraglylygyny kepillendirýändigine üns çekildi. Ýurduň kazyýet edaralarynyň türkmenistanlylaryň kanunçylykda berkidilen hukuklaryny we azatlyklaryny, döwletiň hem-de jemgyýetiň bähbitlerini goraýandyklary nygtaldy.

Maslahatda 2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda amala aşyrylýan çärelere aýratyn üns çekildi.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli meýilnamalaýyn işler maslahatda garalan meseleleriň hatarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, kazyýet edaralarynyň işine döwrüň talaplaryna laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň, häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen üpjün etmegiň ähmiýetine üns çekildi.

Maslahatyň netijeleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň kazylarynyň VI maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biz bellän beýik maksatlarymyza ynamly ýeteris
Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy
Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşdy
Eýran Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygyna taýýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi