Aşgabatda TÜRKSOÝ guramasynyň ikinji teatr festiwaly açylýar

Aşgabatda TÜRKSOÝ guramasynyň ikinji teatr festiwaly açylýar

18-nji oktýabrda Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza bolan ýurtlaryň II teatr festiwaly öz işine başlaýar. Açylyş dabarasy Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda bolar.

Festiwal diňe bir teatr işgärlerini däl-de, eýsem alty türk döwletiniň: Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň sungat ussatlaryny bir ýere jemlär.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde festiwala gatnaşyjylaryň Seýitjemaletdin ýadygärlik toplumyna we Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyna baryp görmegi meýilleşdirilýär.

19-njy oktýabrda ussatlyk sapaklarynyň tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär, onda türk döwletleriniň suratkeşleri türkmen kärdeşleri bilen tejribe alşarlar. 20-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde açyljak TÜRKSOÝ guramasynyň biennalesine gatnaşyjylarynyň eserleriniň sergisi bolsa döredijilik çäreleriniň içinde iň ähmiýetlisi bolar.

Bu çäre türki halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we bu gurama gatnaşyjy ýurtlaryň suratkeşleriniň arasynda döredijilik tejribe alşylmagy üçin amatly meýdança döretmek üçin geçirilýär diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Türkmenportala habar berdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda TÜRKSOÝ-yň Molla Nasreddin hakyndaky filmi surata düşürildi
Molla Nasreddin dürli ýurtlara degişli alty kinostudiýada surata düşürilen filmiň gahrymany
Türkmen sungaty halkara derejesinde dabaralandy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
TÜRKSOÝ-yň opera günleri mynasybetli geçiriljek konsert we beýleki medeni çäreler
Parahatçylygyň ýaş çaparlary atly taslamasynyň V möwsümi tamamlandy