Aşgabatda Üstünligiň formulasy atly konsert geçiriler

Aşgabatda Üstünligiň formulasy atly konsert geçiriler

2023-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler.

Üstünligiň formulasy ady bilen geçiriljek konsert agşamynda ýaş orkestriň sazandalary türkmen hem-de daşary ýurtly dünýä belli kompozitorlaryň ajaýyp saz eserlerini ýerine ýetirerler. Konserti guramaçylaryň bellemegine görä, onuň dowamynda zehinli aýdymçylaryň hem birnäçesi çykyş eder. Mundan başga-da, konserte gatnaşyjylar üçin özboluşly, garaşylmadyk sowgatlar hem bolar.

Konsert 19:00-da başlanýar. Giriş peteklerini almak üçin bolsa, +99362-53-28-71, 55-90-15 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

ŞÜKÜR BAGŞYNYŇ 195 ÝYLLYK ÝUBILEÝI
Täze ýyl baýramynyň şowhunlary
Dalaşgär 2024: Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky Ýörite sungat mekdebi
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenhowaýollary agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi