Aşgabatda uly buz bölekleri, Ahalda we Maryda güýçli ýagyş ýagdy, ekinlere zyýan ýetdi

Aşgabatda uly buz bölekleri, Ahalda we Maryda güýçli ýagyş ýagdy, ekinlere zyýan ýetdi

Aşgabatda we onuň töwereginde 18-nji maýda uly buz bölekleri ýagdy. Ahal we Mary welaýatynyň çäklerinde bolsa, buz garyşykly güýçli ýagyş ýagdy. Bu tebigy hadysalar awtoulaglara, agaçlara we hususan-da, ekin meýdanlaryna we gök-bakja ekinlerine güýçli zyýan ýetirdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 19-njy maýda Aşgabatdan, Ahaldan we Marydan maglumat berdiler.

“Paýtagtda we onuň töwereginde taryhda görülmedik ululykda, her biri tas towuk ýumurtgasynyň ululygyna deň bolan uly buz bölekleri ýagdy. Abadan ýaşaýyş toplumyndan Parahat 7-ä çenli aralykda, tas ähli ýerde ýagan buz bölekleri 5 minutdan 15 minuda çenli dowam etdi. Onuň yz ýanynda 1,5 sagatlap dynuwsyz ýagyş ýagdy” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Tebigy hadysada köp agajyň ýapraklary, gülleri, miweleri elde kakylan ýaly ýere gaçdy. Şeýle-de, ulaglar zyýan çekdi. Köp ulagyň öň we arka taraplaryndaky aýnalary çat açyp, döwüldi.

“Ulaglaryň diňe aýnalary däl, kaskalaryna çenli gaýtadan bejermeli, boýamaly. Ulag eýeleriniň ählisi ýeten zyýany öz hasaplaryna bejertmeli bolýarlar” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

“Häkimiýetler duýdursa, zyýany azaldyp bolardy”Paýtagtlylaryň ençemesi uly buz bölekleriniň ýagmagyna garaşylýandygy barada ýurduň metbugat serişdelerinde habar berilmändigini aýdyp, ýurt häkimiýetlerine nägilelik bildirdi.

“Adamlar öňünden habarly edilen bolsa, şol güni ulaglaryny sürmekden saklanyp, olary üsti ýapyk ýerlerde goýmaga çalşardylar we uly maddy zyýan çekmegiň öňüni alardylar ýa-da zyýanyň möçberini azaldardylar” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşiginiň 17-nji maýda efire berlen sanynda, ýurduň dürli sebitlerinde “ýagşyň ýagyp, şemalyň öwüsmegine garaşylýandygy” aýdylsa-da, adatdan daşary howa hadysasy barada hiç zat aýdylmaýar. Şeýle-de, gepleşigiň 18-nji maýda efire berlen sanynda hem, uly buz bölekleriniň ýa-da güýçli ýagşyň ýagandygy barada hiç hili gürrüň gozgalmaýar.

Redaksiýamyza gelip gowşan suratlarda we wideolarda paýtagtyň otly menzilindäki ýolagçylaryň hem ilki buz bölekleriniň, soňra-da onuň yz ýanyndan ýagan çabgaly ýagşyň aşagynda ezilendigini görse bolýar.

Tebigy hadysany, şol sanda buz bölekleriniň we onuň yz ýanynda ýagşyň ýagandygyny we bularyň ýetiren zyýanyny görkezýän wideolar we suratlar TikTok we Instagram ýaly sosial ulgamlaryň ulanyjylary tarapyndan giňden paýlaşyldy.

Aşgabadyň günorta-günbataryBuz bölekleriniň yz ýanynda ýagan güýçli ýagyş Köpetdag tarapdan siliň gelmegine getirip, Gökje ýaşaýyş toplumynyň ekin meýdanlaryna we ýollaryna zyýan ýetirdi.

“Bu toplumda we onuň töwereginde ýetişen miweli agaçlaryň 80 göteriminiň hasyly weýran boldy. Häzir howa dymyk we yssy. Käbir adamlar üçin howadan dem almak kyn bolýar” diýip, gökjeli ýaşaýjy anonimlik şertinde 19-njy maýda beren maglumatynda aýtdy.

Tozanly howa we güýçli ýagyşAhalda, Maryda we Daşoguzda dört gün, ýagny 15-nji maýdan bäri dowam eden tozanly ýelden soň, 18-nji maýda güýçli ýagyş ýagdy. Ýerli daýhanlaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, tebigy hadysalar gök-bakja ekinleriniň we miweli baglaryň takmynan 90 göterimine zyýan ýetirdi.

“Bag-bakja önümleriniň tas ählisiniň miwesini şemal dökdi.Olaryň üstünden ýagyn ýagyp ezdi we olar topraga siňip, çüýremäne başladylar.Bagda galan miweler ýetişip satlyga çyksa-da, bu ýyl olaryň bahalary örän ýokary bolar.

Olary geçen ýyldaky ýaly her bir hojalygyň satyn almaga mümkinçiligi bolmaz.Daýhanlaryň bolsa, peýda etmegiň deregine döwlete bergili çykjagy ikuçsyz” diýip, maryly daýhan anonimlik şertinde aýtdy.

Kömege derek haýbat we gorkuzma...Bu aralykda, daýhanlaryň we miweli baglara hem-de gök-bakja ekinlerine ideg edýänleriň ençemesiniň aýtmagyna görä, häkimiýet wekilleri olara kömek etmegiň deregine, olary ýerli kanun goraýjy edaralara çagyryp, olara haýbat atýarlar.

“Hukuk goraýjylar bize “miweli baglaryňyzyň zyýan çekendigi barada Internetde ýekeje wideoňyz çyksa, bizden gowulyga garaşmaň. Daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän hossarlaryňyza hem şu zatlar barada gürrüň bermäň. Siziň üçin erbet bolar” diýdiler” diýip, ahally daýhanlaryň ýene biri anonimlik şertinde aýtdy.

Suw nasoslary hatardan çykdy, ekin meýdanlary suwsuz galýarBu aralykda, Ahaldaky we Marydaky habarçylarymyz hepdäniň ahyrynda gelen güýçli tozanly ýel zerarly elektrik geçiriji simlerde çaknyşmanyň emele gelendigini we munuň ekerançylyk meýdanlaryna akyp barýan ýaplardaky suw nasoslarynyň köpüsini hatardan çykarandygyny aýdýarlar.

“Ilkibada tok simleri hatardan çykdy’ diýildi, soňra-da simler bejerildi.Emma şondan soň, suw nasoslarynyň hatardan çykandygy belli boldy.Bizde, ýagny nasosçylarda we potrat meýdanlaryna ideg işlerini edýän raýatlarda suw nasoslaryny bejermäne pul ýok.

Biz edara habar berdik we dizel ýangyjy bilen işleýän suw nasosyny wagtlaýyn işletmegi teklip etdik.Emma häzirlikçe jogap berilmeýär.Häzir suw tutulmaly ekinler suwsuz galýar” diýip, ekin meýdanlaryna ideg edýän işgärleriň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Polisiýa müdirliklerinden teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 19-njy maýda ýurduň Içeri işler ministrliginiň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanda güýçli ýeliň we duzly tupanlaryň turmagy, uly buz bölekleriniň ýagmagy we suw joşmalary ýaly adatdan daşary tebigy hadysalar soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda yzly-yzyna gaýtalanýar.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurtda bolýan adatdan daşary howa hadysalary we onuň ýetirmegi mümkin ýa-da ýetiren täsirleri barada ilata ne öňünden, ne-de yz ýanyndan maglumat berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda turan güýçli ýel elektrik üpjünçiligine, jaýlara we ekerançylyga zyýan ýetirdi
Prezidentiň portretiniň öňünde tans eden bir işgär tussag edildi, başga-da 15 sanysy işden kowuldy
Balkanabatda möhleti geçen azyk harytlarynyň satylmagy "köpelýär"
Aşgabadyň birnäçe etrapçasynda suw üpjünçiligi kesildi
Balkanda öňki ofiserleriň biometriki pasportlary ellerinden alnyp, olara Russiýanyň Ukraina garşy urşuna gatnaşmazlyk tabşyrylýar
Içeri işler edaralaryndaky çeşmeler Lebapda öz janyna kast edýän adamlaryň sanynyň artýandygy aýdýar