Aşgabatda we Türkmenabatda ýagan güýçli ýagyş köçelerde we ýerzeminlerde suwlaryň üýşmegine getirdi

Aşgabatda we Türkmenabatda ýagan güýçli ýagyş köçelerde we ýerzeminlerde suwlaryň üýşmegine getirdi

11-nji martda ikindinara Aşgabatda we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde güýçli ýagyş ýagdy. Bütin gije ýagan ýagşyň netijesinde, paýtagtyň käbir köçelerinde adamlaryň dyzyna çenli ýetýän ýagyn suwlary üýşdi.

Türkmenabatda ýagan doly gatyşykly güýçli ýagyş köp gatly jaýlaryň ýerzeminleriniň suwdan dolmagyna, ozal hem hatardan çykan köçeleriň has-da sandan çykmagyna we köp binanyň daşynyň zaýalanmagyna getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 12-nji martda paýtagtdan we Türkmenabatdan maglumat berdiler.

“11-nji martda ikindinden bäri bütin gije ýagyş ýagdy we paýtagtyň lagym ulgamlary ýagyş suwlaryna döz gelip bilmedi. Ýollaryň köpüsinde 20-25 santimetr çuňlukdaky ýagyş suwlary üýşdi.Howuzlary ýada salýan suw üýşmeleňleri 12-nji martda öýläne çenli hem saklanyp galýar.

Awtoulaglar suw üýşmeleňlerini böwsüp geçende, suw 3-4 metr daş-töwerege serpilip, pyýadalaryň eşiklerini öl-myžžyk edýär” diýip, paýtagtdaky habarçymyz gürrüň berdi.

Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri köçeleriň iki gyralarynda ýerleşýän we ýagyş suwunyň bökdençsiz akmagy üçin niýetlenen lagym turbalaryny arassalamak ugrunda güýçli depginde işleýärler.

“Işgärler gaty demir simler bilen dykylan turbalary arassalaýarlar. Şu gün paýtagtyň köçelerinde elleri demir simli işgärleri köp görse bolýar” diýip, habarçymyz belledi.

Türkmenabat şäherinde bolsa, 11-nji martda ikindin wagty sagat 5:30 töwereginde ýagyp başlan doly gatyşykly güýçli ýagyş durmuş maksatly binalaryň daşyna, köçelere zyýan ýetirdi.

“Güýçli ýagyndan öň, şäheriň Bitarap Türkmenistan köçesiniň käbir böleklerine asfalt düşelýärdi. Şeýle-de, käbir binalaryň fasady reňklenýärdi. Ýagyn bu işleri puja çykardy.Sebäbi 30 minutlap ýagan doly gatyşykly ýagyş ýanýodalaryň, köp gatly jaýlaryň girelgeleriniň we ýerzeminleriniň suwdan dolmagyna, Bitarap Türkmenistan köçesindäki ençeme binanyň daş fasadynyň zaýalanmagyna sebäp boldy.

Güýçli sil ýagşy gijeläp ýagmagyny dowam etdi. Çukurdan doly köçeler has-da sandan çykdy” diýip, sebitdäki habarçymyz aýtdy.

Tebigy hadysanyň netijesinde, Türkmenabadyň köp etrapçasynda ilatyň dört-bäş sagatlap elektrik üpjünçiligi kesildi.

“Elektrik bölekleýin öçüp-ýanyp durdy. 12-nji martda irden hem, Bitarap Türkmenistan we S.Nyýazow köçelerindäki swetaforlaryň köpüsi işlemeýär. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy köçe-ýol hereketiniň kadaly üpjünçiligini ýola goýýar” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenabatly ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Habarçymyz doly gatyşykly güýçli ýagşyň heniz güllemedik miweli baglara zyýan ýetirmändigini, ýöne ýeralma eken daýhanlaryň azabyny tas puja çykarandygyny hem aýdýar.

“Amul köçäniň ugrunda 10 gektar gowrak ýere kartoşka ekilipdi. Kartoşka heniz gögerip başlamadyk bolsa-da, ýagşyň öňüsyrasynda, bu meýdanda 20-ä golaý daýhan joýalaryň düýbüni boşadypdy. Sil gatyşykly ýagyş ekin meýdanyny zaýalady. Joýalary suwdan dolduryp, topragy gatyşdyrdy” diýip, ýerli daýhan anonim şertde gürrüň berdi.

Habarçylarymyz güýçli ýagyn barada häkimiýetler tarapyndan öňünden aç-açan duýduryş edilmändigini aýdýarlar. Azatlygyň güýçli ýagyn we onuň ýetiren täsiri barada ýerli häkimiýetlerden teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Türkmenistanyň “Watan” habarlary gepleşiginiň 10-njy martda efire berlen sanynda 11-17-nji mart aralygynda ýurtda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty köpçülige ýetirilip, onda Aşgabatda we Lebapda hepdäniň başynda ýagşyň ýagjakdygy aýdyldy. Ýöne onuň gerimi barada jikme-jik maglumat berilmedi. Şeýle-de, gepleşigiň 11-nji martda efire berlen sanynda-da, Aşgabatda we Türkmenabatda ýagan ýagyş we onuň ýetiren täsirleri barada hiç zat aýdylmady.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki mediasy ýurtda bolýan adatdan daşary tebigy hadysalar, şol sanda sil suwlarynyň gelmegi, ýa-da aşa yssy we sowuk howanyň aralaşmagy we bularyň ýetirýän täsirleri barada ilat köpçüligine ne öňünden, ne-de yz ýanyndan maglumat berýär.

Bu aralykda, paýtagtdaky habarçymyz ýagşyň dynmagyndan iki sagat geçip-geçmänkä, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň köçelere çykyp, hapa ulaglaryň sürüjilerine jerime ýazmak çärelerini güýçlendirendigini aýdýar.

“Şäherdäki ýagyş suwlary arassalanmansoň, ulaglar tiz salymdan örän hapalanýar. Ýol polisiýasy bu pursatdan peýdalanyp, sürüjilere jerime ýazýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda we Maryda üç günläp ýagan ýagyş ekin meýdanlaryny we köçeleri zaýalady
Germaniýada, Çehiýada we Niderlandlarda ýagyş guýýar
Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy
Pakistanda aşa ýagan ýagyşlar we ýyldyrym sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy
Ýewropa gar ýagdy