Aşgabatda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär

24-nji

oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly

wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň

häkimleri çagyryldy.

Giňişleýin

mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik

edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş

ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri bilen

meşgullanmagy işjeňleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat

berdi.

Milli

Liderimiziň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde, Türkmenistanda sportuň

meşhur görnüşlerini, şol sanda dünýäde giňden ýaýran we Olimpiýa oýunlarynyň

maksatnamasyna girizilen welosiped sportuny ösdürmek boýunça anyk işleriň amala

aşyrylýandygy bellenildi.

Hormatly

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler

Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde kabul edilen ýörite Kararnama

laýyklykda, her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan

edildi.

Häzirki

döwürde dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülen

Türkmenistanda 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny guramaçylykly

geçirmek ugrunda zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda,

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda,

ýurdumyzda guramaçylyk komitetiň düzümi döredildi we tassyklanyldy.

Bu

komitetiň mejlisinde dünýä çempionatyny ýokary guramaçylyk derejesinde

geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iri

halkara ýaryşlaryny guramakda toplanan tejribä esaslanyp hem-de degişli

ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň utgaşykly guramaçylyk

işlerini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň “2021-nji

ýylda Aşgabat şäherinde welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda”

Kararynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça teklip beýan edildi.

Welosipedçileriň

halkara birleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda, bu iri halkara bäsleşigini

2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň

welotrek sport toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet

Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welotrek boýunça geljek ýylda geçiriljek

dünýä çempionatyna taýýarlyk bilen baglanyşykly teklipleri oňlap, bu işlere

örän çynlakaý girişmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, raýatlarymyzyň beden

we ruhy taýdan sagdynlygyny berkitmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp

barylýan häzirki döwründe welosiped sportunyň ähli halkymyz üçin sportuň

söýgüli görnüşleriniň birine öwrülmelidigi bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen türgenlerine hormatly Prezidentimiziň sylaglary...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňünde täze wezipeler goýuldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi