Aşgabatda ýaşaýjylar, çagalar gije garaňkyda agaçlaryň aşagynda irkilip, çörek nobatyna garaşýar 

Aşgabatda ýaşaýjylar, çagalar gije garaňkyda agaçlaryň aşagynda irkilip, çörek nobatyna garaşýar 

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilatyň azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy günsaýyn ýaramazlaşmasa, gowulanmaýar. Aşgabatlylar çörek satyn almak üçin, süýji ukularyndan oýanyp, gijäniň garaňkysynda döwlet dükanlarynyň öňünde nobata durýarlar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň iberen nobatdaky wideo ýazgylarynda çörek satuwy başlaýança, dükanyň töweregindäki agaçlaryň aşagynda irkilip oturan ýaşaýjylary we 10-12 ýaşly çagalary görse bolýar.​

Redaksiýa howpsuzlyk aladalary sebäpli bu wideo ýazgylary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

“Bu çagalar we ýaşaýjylar daňdan sagat 4:30-da dükanyň öňüne gelip, nobata durýarlar. Olaryň arasynda gijäniň ýarynda gelip nobata durýanlar hem bar. Bu kösençlikleriň ählisi öňräkden nobat belläp, her ele üç sanysy 2 manatdan satylýan çöregi satyn almak ugrundaky synanyşyklaryň bir bölegi” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Güýz paslynda howanyň temperaturasynyň gijelerine 7 gradusa çenli aşaklaýan şu günlerde ýagşyň ýagmagy we ýaşaýjylaryň, şol sanda çagalaryň onuň aşagynda ezilmegi bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

“7-nji noýabrda irden ýagyş ýagdy we dükanyň öňünde ýatan ýaşaýjylar, çagalar ezildi. Sebäbi satyjy dükany açmaly wagtyndan hem has giç açyp, alyjylary garaşdyrdy. Muňa garamazdan, çäkli möçberde satylan çörek alyjylaryň hemmesine ýetmedi. Ony satyn alyp bilmedik adamlar beýleki dükanlara ylgap barýança, ol dükanlarda hem çörek gutardy” diýip, başga bir paýtagtly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Döwlet dükanlarynda çörek ýeter-ýetmezçiligi bilen bagly nobatdaky habarlar, 6-njy noýabrda Ženewada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň ýagdaýyna alada bildirilen mahalyna gabat geldi.

Türkmen wekiliýeti Ähliumumy döwürleýin syn boýunça hasabat berende, Kanadanyň wekili öz ýurdunyň Türkmenistandaky azyk howpsuzlygynyň ýagdaýyna heniz-de alada bildirýändigini aýtdy.

“[Kanada Türkmenistanda] azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy, subsidirlenen azyk ýetmezçiligi we subsidirlenen azyk önümleriniň hökümet tarapyndan paýlanmagy [meselelerinde alada bildirýär]” diýip, Kanadanyň wekili Lydia Matapo belledi.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň, şeýle-de harytlaryň we hyzmatlaryň ýygy-ýygydan gymmatlamagynyň arasynda, ýurtda köp hojalyk ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly bolup galýar.

Ýöne döwlet dükanlarynda ilata elýeter bahadan paýlanýan un, çörek we ösümlik ýagy ýaly subsidirlenen azyk önümleriniň üpjünçiligi indi alty ýyl çemesi wagt bäri ýaramaz bolup, bu ýagdaý soňky iki ýyla golaý wagtyň dowamynda has-da ýitileşdi.

Daňdan garaňkyda nobata durup başlaýan ýaşaýjylara çörek doly ýetmeýär. Bu käte alyjylar bilen satyjylaryň arasynda uruş-dawanyň döremegine hem sebäp bolýar.

Soňky aýlarda dükanlarda ilata ösümlik ýagy we un hem ençeme aýlap gijikdirilip paýlanýar. Şeýle-de, bu önümleriň hili aýdan-aýa diýen ýaly ýaramazlaşýar.

Geçen aýyň ortalarynda Mary welaýatyndaky habarçymyz bäş aýlap un paýyna garaşan ýaşaýjylara bitli we gurçukly unuň paýlanandygyny habar berdi. Şuňa meňzeş ýagdaýlar ýurduň beýleki welaýatlaryndaky döwlet dükanlarynda hem ençeme gezek ýüze çykdy.

Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň berkidilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen hökümeti we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri döwlet dükanlaryndaky azyk ýeter-ýetmezçiligini boýun alyp, munuň bilen bagly hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň häkimiýetleri agaçlaryň aşagynda irkilip, çörek nobatyna garaşýan raýatlara garşy göreşýär
Köýtendag-Kerki gara ýolunyň ugrunda bolan ýol hadysasynda bir polisiýa işgäri öldi
Häkimiýetler Balkanda dindarlaryň öýüni dökýär, dini eserleri ýygnaýar
Türkmen häkimiýetleri pagta möwsüminiň fonunda körek ogrularyny’ yzlaýar
Azatlygyň maglumatyndan soň, Balkanyň migrasiýa edaralarynda barlag geçirildi
Balkanda Täze ýyl çäresini geçiren bilim işgärleri MHM tarapyndan soraga çekildi