Aşgabatdaky 9 gatly jaýda bolan ýangynda üç adam ölüpdir

19-njy maýda Aşgabatdyň Aýtakow köçesiniň ugrundaky 69-njy 9 gatly jaýda ýangyn döredi diýip, АНТ “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiri habar berýär.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumat bermeklerine görä, ýangyn 3-nji gatda döredi. Kireýine berlen kwartiranyň ýaşaýjylary elektrik enjamlarynyň birini öçürmegi unutdylar we şol sebäpli hem ýangyn başlandy.

8-nji gatda ýaşaýan maşgala tüssäni görüp, özbaşyna halas bolmaga çalyşdy. Adamsy bir çagasyny eline alyp, basgançakdan aşak düşdi. Onuň göwreli aýaly bolsa, beýelki çagasy bilen lifte girdi. Elektrik öçürilensoň, lift iki gatyň aralygynda galdy we adamlar demikdiler.

Bu wakada ölenler 20-nji maýda jaýlandy.

Tüsse üçünji gatdan, ýangynyň başlanan ýerinden basym ýaýrady we jaýyň soňky gatyndaky kwartira çenli baryp ýetdi. Aljyran adamlar gyssançlaryna äpişgelerini açdylar, käbirleri aýnalaryny döwdüler. Penjirelerinde demir gözenek bolan adamlar tüsseden zäherlendiler.

Şaýatlar ýangyn söndürijiler gullugynyň ilkinji toparynyň suwsuz gelendigini gürrüň berdiler.

Şol günüň agşamy jaýyň howlusynda gynanç bildirmäge gelenler üçin çadyr gurdular.

Ýene degişli makalalar

'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (2-nji bölüm)
'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)
Russiýanyň 'Nezawisimaýa Gazeta' neşiri Gurbanguly Berdimuhamedowa hüjüm etmekde günälendi
Synçy: Berdimuhamedowyň MA saparlary sebitde türk täsirine garşylygyň döreýän pursatyna gabat gelýär
12-nji ýanwarda 'çetine deglen' adamlar taryhy hakykatyň aýdylmagyny isleýär
Türkmenistanda unudylýan’ döwlet terrorynyň başlananyna 80 ýyl boldy