Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Dialog+ kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi

Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Dialog+ kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur B.Braun kompaniýasynyň iki sany Dialog+ kysymly gemodializ enjamy Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine sowgat berildi. Bu barada TDH habar berýär.

Eneligi we çagalygy goramak, sazlaşykly ösen ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahaty Başlygy Gahryman Arkadag tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwletiň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir.

Şu gün Dialog+ kysymly gemodializ enjamynyň paýtagtyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň toksikologiýa we çagalaryň gemodializi bölümine sowgat berilmegi döwletimiziň ýaş raýatlarynyň saglygy we abadançylygy baradaky üznüksiz aladalarynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

B.Braun kompaniýasynyň iň soňky döwrebap tehnologiýalar esasynda işlenip düzülen täze nesil emeli böwrek enjamy dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ozal habar berlişi ýaly, Germaniýanyň meşhur kompaniýasynyň şunuň ýaly täze enjamlary şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň hassahanasyna sowgat berildi.

Ýene degişli makalalar

Hukuk toparlary zor bilen hassahana ýerleşdirilen žurnalistiň boşadylmagyna çagyrýar
Balkanda et, balyk we miwe önümleriniň bahalary 1,5 esse çemesi gymmatlady
Emeli adada aeroport gurulýar
Türkmenistan ulag toplumyny ösdürmek üçin $1 milliarda golaý maýa çekdi
Emeli Aň Hem Tolgundyrýar Hem-de Aladalandyrýar
Emeli aňyň ynandyryjylygy güýçli boldy