Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar

Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar

Aşgabatdan çykman, Parižiň özboluşly gurşawyna aralaşmaga taýýarmy? Fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny eýwanynyň açylyşyna çagyrýar.

Dejavu restoranynyň baş aşpezi siziň üçin Fransiýanyň nusgawy tagam taýýarlaýyş usullaryna esaslanýan özboluşly menýu taýýarlady. Restoranyň myhmanlaryna ter möwsümleýin önümlerden taýýarlanan lezzetli tagamlar, hatda iň talapkär gurmanlaryň hem göwnünden turjak gaýtalanmajak çakyrlaryň sanawy garaşýar.

Dejavu bu diňe bir restoran däl, bu aýratyn rahatlyk we myhmansöýerlik höküm sürýän ýerdir. Iň ownuk aýratynlyklaryna çenli göz öňünde tutulan owadan interýer, sypaýy işgärler we özüne çekiji fon aýdym-sazlary dynç almak, tagamly naharlardan lezzet almak we ýakynlaryňyz bilen ýakymly wagt geçirmek üçin amatly şertleri döredýär.

Dejavu restoranynyň eýwany binanyň üçünji gatynda ýerleşip, ol ýerden şähere panoramaly görnüş açylýar. Bu ýerde diňe bir lezzetli tagamlary dadyp görmek bilen çäklenmän, eýsem, Aşgabadyň gözelligini synlap bilersiňiz.

Açylyş mynasybetli alypbaryjy Rustam Hojaýewiň çykyşyny we Maýsa Nyýazowanyň janly aýdymlaryny öz içine alýan baýramçylyk maksatnamasy guralar.

Dejavu restoranynyň eýwanynyň açylyşy 26-njy aprelde sagat 19:00-da bolar. Giriş öňünden bronlamak esasynda mümkindir.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky Soltan Open Air restorany tomsuň yssy howasynda dynç almak üçin iň gowy mümkinçilik
Aşgabatdaky Soltan restoranlar zynjyry restoran işine döwrebap garaýyş
Aşgabatda ogurlyklar ýygy-ýygydan ýüze çykýar
Awazadaky myhmanhana işgärleri syýahatçylaryň azlygyndan alada edýärler
Gazana gaçan hekaýalar
Aşgabatdaky ZIP 90 restorany maşgala we iş dabaralaryny guraýar