Aşgabatdaky Gold Palace şaý-sepleriň dükany dünýäniň tejribeli zergärleriniň ýasan bezeglerini hödürleýär

Aşgabatdaky Gold Palace şaý-sepleriň dükany dünýäniň tejribeli zergärleriniň ýasan bezeglerini hödürleýär

Aşgabatdaky Gold Palace şaý-sepleriň dükany dünýäniň dürli künjeklerinden bolan tejribeli zergärleriň ýasan dizaýnerlik şaý-sepleriniň ajaýyp galereýasydyr. Bu ýerden Bulgari, Panerai, Zenith, Buccelati, Pasquale Bruni, Magerit, Roberto Coin, Korloff, Utopia, Carrera Y Carrera, Baccarat we Cristofle ýaly dürli meşhur markalaryň nusgawy zergärçilik sungatynyň hakyky ajaýyp eserlerini we möwsümiň iň moda şaý-seplerini tapyp bilersiňiz.

Görnükli şaý-sepleriň we sagatlaryň Gold Palace dükany Royal Palace Group kompaniýasynyň düzümine degişli bolup, 2015-nji ýylyň aprel aýynda açyldy. Dükan paýtagtyň häzirki zaman söwda merkezinde — Berkarar söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýär hem-de Türkmenistanda öz alyp barýan işiniň çygrynda öňdebaryjydyr.

Bu ýokary derejeli brend harytlaryň köp dürli görnüşleri bilen Royal Palace Group kompaniýasynyň resmi web saýtyndan tanşyp bilersiňiz.

Zergärçilik önümleriniň dükanynyň hünär taýýarlygy ýokary bolan hünärmenleri size hödürlenýän önümler barada jikme-jik gürrüň bererler, şaý-sepleri saýlamaga ýardam edip, şaý-sep modasynyň täzelikleri bilen tanyşdyrarlar.

Ýene degişli makalalar

“Balkan” gämi gurluşyk zawody deňziň düýbüni çuňaldyjy gämini ýygnar
Trabzon filigran we örme altyny
Gadymyýetden gözbaş alan nepislik
Türkmenistanly zergärleriň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy
Artyk ady bilen adygan
Sergide şekillendiriş sungaty eserleriniň ähli görnüşi görkezilýär