Aşgabatdaky Soltan restoranlar zynjyry restoran işine döwrebap garaýyş

Aşgabatdaky Soltan restoranlar zynjyry  restoran işine döwrebap garaýyş

Türkmen paýtagtynyň ýedi nokadynda ýerleşýän Soltan restoranlar zynjyry jemgyýetçilik iýmiti pudagyny guramaga döwrebap çemeleşmesi bilen tapawutlanýar.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we ýurduň baş şäheriniň myhmanlaryna dürli görnüşli tagamlar hem-de ýokary derejeli hyzmat hödürlenýär, iň esasysy bolsa, Soltan restoranlarynyň ýokary hünär derejeli işgärleri kärhanalaryň abraýyny islendik peýdadan ýokary hasaplap, ony belentde saklamaga çalyşýarlar.

Ilkinji Soltan restorany 2014-nji ýylyň dekabrynda açyldy. Restoran işini guramakda köp ýyllaryň dowamynda toplanan tejribe kem-kemden özboluşly stili bolan jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň zynjyryny döretmäge mümkinçilik berdi.

100-den 350 adama çenli dürli mukdarda myhmanlar üçin niýetlenen restoranlary açmak üçin ýerler aýratyn oýlanylyp saýlandy. Olar türkmen paýtagtynyň häzirki zaman işewür etraplarynda, iri söwda-dynç alyş merkezlerinde ýerleşýärler.

Soltan restoranlarynyň şübhesiz artykmaçlyklarynyň hatarynda ýokary derejeli rahatlygy, içerki bezegiň özboluşlylygyny, türk we gündogar aşhanalarynyň aglaba tagamlary bilen birlikde, milli we Ýewropa tagamlaryny öz içine alýan dürli görnüşli tagamnamany (menýuny) mysal getirmek bolar. Süýjüliklerň köpdürli görnüşi iň talapkär edilýän müşderiler üçin niýetlenendir, şol sanda bedeniniň şekilini berk gözegçilikde saklaýanlar üçin hem pes kaloriýaly görnüşler bardyr.

Myhmanlar gündogar usulynda bezelen bölümde hem, döwrebap dizaýny bolan zallarda hem wagt geçirip bilerler.Loft stilinde bezelen zallar özboluşly we döredijilikli görünýär. Şol bir wagtyň özünde, senagat stiliniň şäher aýratynlyklaryny özünde jemleýän şeýle restoranyň amatly atmosferasy ýaşlaryň we adatdan daşary dizaýn çözgütlerini halaýanlaryň arasynda onuň meşhurlygyny üpjün edýär. Şeýle hem restoranlar zynjyrynyň käbir edaralarynda Aşgabadyň ajaýyp görnüşi açylýan eýwanlaryň bardygyny bellemek gerek.

Soltan restoranlarynda iş duşuşygyny ýa-da ýakyn dostlaryňyz bilen ýakymly oturlyşyklary geçirip bilersiňiz, şeýle hem dürli dabaralary ýubileýleri, doglan günleri, islendik şowhunly wakalary geçirmek üçin zallary kärendesine almak mümkindir.

Mysal üçin, munuň üçin Parahat 4 (Mir-4) kiçi etrapçasynda ýerleşýän Soltan Loft, Soltan Open Air we Soltan restoranlarynda ähli zerur aýratynlyklar bar, tans meýdançasy, janly aýdym-saz, uly göwrümli proýektorlar bardyr.

Mundan başga-da, baýramçylyk tortlaryny taýýarlamak üçin sargytlar kabul edilýär.

Restoranlaryň birnäçesinde milli dabaralary geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Myhmanlar ýokary derejeli hyzmata, ünsli işgärlere, ajaýyp aşhana ýokary baha bererler.Soltan restoranlary 8:00-dan 23:00-a çenli işleýärler, şonuň üçin bu ýerde diňe bir ýakymly agşam däl-de, ertirlik we günortanlyk naharyny hem edinip bilersiňiz, bu ýakynlardaky edaralaryň we işewürlik merkezleriniň işgärleri üçin has-da ähmiýetlidir. Şonuň bilen birlikde, şäheriň islendik nokadyna azyk önümlerini eltip bermek hyzmaty hödürlenýär.

Iň bolmanda bir gezek Soltan restoranlaryna baryp, bu lezzeti gaýta-gaýta duýmakdan ýüz öwrüp bilmejekdigiňize göz ýetirip bilersiňiz.

Soltan restoranlarynyň salgylary we belgileri:

Ýene degişli makalalar

Oýun meýdançasy bolan Soltan Loft restorany çagalar baýramçylyklaryny ýokary derejede guraýar
Berkarar SDAM-daky Soltan restorany tort taýýarlamak boýunça sargytlary kabul edýär
Soltan Aşgabadyň islendik ýerine tagamlary eltip bermek hyzmatyny hödürleýär
Soltan: ýekşenbe güni maşgala bolup naharlanmak üçin ajaýyp ýer
Aşgabatdaky Soltan Open Air restorany tomsuň yssy howasynda dynç almak üçin iň gowy mümkinçilik
Soltan Loft restorany: çagalar bilen rahat dynç alyş