Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"

Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"

Aşgabatda baharyň ilkinji gününde, adaty bolmadyk sowuk duýulsa-da, Türkmen konserwatoriýasynyň uly zalynda geçen "Bahar ylhamy" atly duýgy-täsirli hem mähirli konsert başga howany döretdi. Ol ylham eýesi Ýekaterina Darçiýanyň ýolbaşçylygyndaky aýdym-saz muşdaklarynyň döredijilik topary tarapyndan gurnaldy.

Sungata berlen tomaşaçylar özlerini we sazandalary gyzgyn el çarpyşmalar bilen ýylatdylar.

Konserte mugallymlardan: Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýew we Atajan Berdiýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow, halkara baýragynyň laureaty Mähri Orazowa, "Altyn Asyr" baýragynyň eýeleri Begenç Gaýypow, Ýelena Arakelýan, Žanna Saýan, Tylla Saryýewa, Kakajan Hudaýberdiýew, Ogulsona Ýazowa gatnaşdylar.

Dürli kurslaryň talyplary özleriniň döredijilik ukybyny örän aktiw görkezdiler. Olaryň arasynda bu okuw jaýyndan daşarda-da özlerini tanymal aýdymçylar hökmünde tanadan, Altyn Asyr baýragynyň eýeleri Döwran Şammyýew bilen Dünýägözel Begalyýewa, şeýle hem Mansur Şaripow hem Täzegül Baýramowa bar.

Ýekaterina Darçiýanyň guraýan konsertlerinde kirişli saz gurallary toparynyň studentleri Annaoraz Döwletow (wiolonçel), Ysmaýyl Sähetmyradow (kontrabas), Begli Berdimyradow (alt) örän täsirli çykyş etdiler.

Ençeme konsertlerde diňleýjileriniň söýgüsini gazanyp, şowhunly elçarpyşmalara mynasyp bolan, köpçülige belli Döwran Şammyýew bu konsertde aýdym aýtdy we Ýekaterina bilen bilelikde pianinoda saz çalyp, türkmen dilinde konserti alyp baryjylar boldular. Ýekaterina bolsa bäş konserti guraýjy hem tutuş çykyşlaryň dowamynda, göze ilmeýän derejede ony goldap baryjy boldy.

Konsert "Joşgun" çagalar aýdym-saz ansambly tarapyndan açyldy. Olar Dünýägözel Begalyýewa bilen bilelikde, Iohann Sebastian Bahyň "Degişme" atly kappellasyny aýtdylar. Bu ansambl 2022-nji ýylda, halkara bäsleşikleriniň laureaty Kerim Jumakulyýew tarapyndan, Konserwatoriýanyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň düzüminde döredilipdi. "Joşgun" 2023-nji ýylda Moskwada geçirilen "Dutaryň owazy" VII halkara sungat festiwalynyň diplomynyň eýesi boldy.

Atageldi Garýagdyýew Baýramdurdy Hudaýnazarowyň "Älemgoşar", Nury Halmämmedowyň "Maňa seniň gözleriňden gitme ýok" we Eduardo Di Kapuanyň "O sole mio" aýdymlaryny jemi 3 aýdym aýtdy. Atajan Berdiýew bolsa Salwatoro Kardillonyň "Katari" aýdymy bilen çykyş etdi.

Begenç Gaýypow Baýramdurdy Hudaýnarowyň "Ene elleri" aýdymyny aýtdy. Žanna Saýan Aleksandr Doluhanýan tarapyndan işlenen "Garlawaç" atly gadymy ermeni aýdymy aýtdy. Žanna Saýan şeýle hem Jakomo Puççininiň "La Bohème" operasyndan "Musetta's Waltzny" hem ýerine ýetirdi.

Bu konsertde Žanna şeýle hem Begenç Gaýypow bilen bilelikde, "Gözel gelin" aýdym-sazly komediýadan, Aknabat we Jumadurdynyň duetini örän çeper ýerine ýetirdiler.Ol Atajan Berdiýew bilen Juzeppe Werdiniň "La Trawiata" operasyndan, "Meýlis" aýdymly-tansly elementi oýnady.

Žanna Saýanyň talyplary konsertde Gaetano Donizettiniň "Söýgi dermany" operasyndan "Nemorino's Romance" (Mansur Şaripow, 4-nji ýyl), Çary Nurymowyň Türkmenistan bagt mekany (Dünýägözel Begalyýewa) we "Bagta tarap ýol" operasyndan "Marusýanyň aýdymyny" (Laçyn Abdulrahymowa, 1-nji ýyl) aýtdylar.

Ernesto de Kurtisiň "Seni unutmak maňa mümkin däl" aýdymyny Tylla Saryýewa ýerine ýetirdi.

Iň ýaşajyk aýdymçy Sewiliýa Sabirowa bu konserte ejesi bilen Daşoguzdan ýörite gelipdir. Ol "Mamont üçin ene" atly multfilmden "Mamontjygyň aýdymyny" örän täsirli aýtdy.

Žanna Kolmogorowanyň "Ene" aýdymyny duetler Täzegül Baýramowa bilen Döwran Şammyýew bilelikde aýtdylar. Olara pianinoda sazandarlyk eden (Ýelena Arakelýan) başga-da, kirişli saz gurallaryň kwarteti we deprekde Kakageldy Gurbanmyradow hem gatnaşdylar.

Braziliýaly aýdymçy Morris Albertyň "Duýgular" ("Feelings") atly aýdymyny eýýäm Döwran Şammyýew ýekelikde aýdypdy, bu gezekde bolsa oňa öňki topar sazandarlyk etdiler we diňleýjileriň uly şatlygyny gazanan Kakajan Hudaýberdiýew saksofonda goşuldy.

Karmen Karozzo tarapyndan işlenen Zakinýi de Abbreunyň döredilen meşhur braziliýa serçesi "Tico-tico" eserini degişme äheňinde roýalda dört elde, Ýelena Arakelýan bilen Döwran Şammyýew çaldylar. Kakageldy Gurbanmyradow bolsa marakas saz guralynda we goşa kuba barabanynda, Latyn Amerikasynyň sazy bongo äheňinde saz çaldy.

Konsertde Wladimir Mkrtumow Frederik Şopeniň iki sany "Nocturnesi" (si-bemol minoir we mi-bemol mažor) çalyp berdi.

"Iki skripka üçin diwertisment" we fortepiano sazlaryny skripkaçylar Ogulsona Ýazowa we Gözel Mätkerimowa (Döwlet simfoniki orkestrinde çykyş edýär), şeýle hem Mähri Orazowa bilelikde çaldylar.

Alfred Şnitka tarapyndan döredilen iki eser adatdakysyndan başgaça görnüşde ýerine ýetirildi. Ýelena Arakelýanyň pianinoda sazandarlyk edýän pursady sahnanyň iki tarapyndan, kirişli sazandalar çykyp, "Tangony" ýerine ýetirilip başladylar.

"Şineli" bolsa Ýelena Arakelýanyň döredijilik toparynyň düzüminde, Gözel Mätkerimowa hem-de uly zalyň sahnasynyň ýaş akkordeonçy-debýutanty Adalyş Tagandurdyýew ýerine ýetirdiler.

Konsertiň jemleýji böleginde ýene-de tomaşaçylary Kakajan Hudaýberdiýewiň saksofony aýratyn begendirdi. Ol amerikaly Erik Karmeniň döreden "Ähli zat özüm" ("All by myself") eserini deprekçi we Ylýas Muhamowyň gitara çalmagynda (konserti guraýjy Ramina Gadimi) ýerine ýetirdi.

Şeýle dürli, köp öwüşginli döredijilik hyjuwy, uly höwes hem meýletinlik bilen konserwatoriýanyň sazandalary öz tomaşaçylaryny ýaz dabaralary bilen gutladylar hem olary ýene duşuşyga höweslendirdiler.

Bahar şatlygyny konsert bilen ugurdaş gurnalan suratkeş Gunça Ýazmuhammedowanyň eserleriniň sergisi has-da güýçlendirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýä

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Baharyň ylhamy ady bilen konsert geçiriler
Türkmen bilbiline bagyşlanýar: Medeniýet Şahberdiýewanyň hatyrasyna
Türkmenistanly we italiýaly aýdymçy-sazandalar Rossininiň eserlerini ýerine ýetirdiler
Magtymguly Pyragynyň goögularyna döredilen aýdymlaryň konserti geçirildi
Aşgabatly tomaşaçylaryň öňünde marimba ussady“ Hen Simbalista çykyş etdi
Russiýaly ussat pianinoçy Ýuriý Bogdanow Aşgabatda çykyş etdi