Asman modalar öýi Pariždäki Oriental Fashion Show-da kolleksiýasyny tanyşdyrdy

Asman modalar öýi Pariždäki Oriental Fashion Show-da kolleksiýasyny tanyşdyrdy

Asman türkmen modalar öýi Parižde geçýän Gündogar moda şowunda Zenan ady bilen täze kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Bu barada Turkmenportal web saýtyna Asman modalar öýüni esaslandyryjy Orazmyradowa Mähri habar berdi.

Zenan kolleksiýasy häzirki zaman türkmen stiliniň milli lybaslaryň elementleri bilen sazlaşykly utgaşmasydyr. Lybaslaryň ählisi tebigy matalardan we el keşdesi bilen ýerine ýetirilen.

10 dürli açyk hem ýatdan çykmajak keşpleri döretmek üçin kolleksiýanyň dizaýneri Myrat Amanow gyzyl, mämişi, sary, ýaşyl hem-de gara reňkleri özboluşly äheňde ulandy.

Ýeri gelende bellesek, bu Asman kolleksiýasynyň daşary ýurtlardaky ilkinji görkezilişi däldir. Türkmen modalar öýüniň lybaslary mundan ozal BAE-de geçirilen Expo Dubai 2020 Bütindünýä sergisinde hem görkezildi.

Oriental Fashion Show — diňe bir moda sergisi bolman, eýsem Gündogar medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen medeni taslamadyr. Bu şow her ýylda modanyň watany bolan Parižde geçirilýär. Ol Gündogar modasynyň ýokary hiline we özboluşlylygyna ýokary baha berýän moda pudagynyň dünýäniň ähli ýerlerindäki wekilleriniň ünsüni özüne çekýär.

Ýene degişli makalalar

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Sennur fashion house” Pariždaky moda görkezilişinde milli öwüşginli lybaslaryny görkezdi
Türkmenistandan ilkinji bolup “Sennur fashion house” Parižde moda görkezilişine gatnaşar
Türkmengaz döwlet konserniniň wekili Eýranda nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdy
“ViacomCBS” kompaniýasy “Paramount Pictures” kinostudiýasyny üýtgedip gurar
“Galata Minarasy Döwlet Senasynyň Kabul Edilen Gününiň 100 Ýyllygyna Bagyşlanyp Bezeldi”