Astanada Türkmenistanyň Prezidentiniň “ÝaşlarWatanyň daýanjy” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Astanada Türkmenistanyň Prezidentiniň “ÝaşlarWatanyň daýanjy” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimyrat Rejepow Astana şäherindäki L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde umumy sapak bilen çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitaby bilen tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.

Umumy sapaga bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan Türkmenistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Belgiýa Patyşalygyndan we Gyrgyz Respublikasyndan talyp ýaşlar, professor-mugallymlar düzümi gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä goňşy we uzakdaky ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri, “Astana” Diplomatiýa klubynyň wekilleri çagyryldy.

Duşuşykda ýurduň gülläp ösmegine we ýaşlara gönükdirilip durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalar hem-de durmuş-ykdysady, ylym-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler barada giňişleýin bellenip geçildi.

Çäräniň dowamynda Astana şäherinde bilim alýan türkmen talyplary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyny türkmen we rus dillerinde labyzly okadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy talyplaryň okuwdaky we sportdaky üstünlikleri bilen gyzyklandy. Öz gezeginde, talyplar hem gyzyklandyrýan soraglaryny türkmen ilçisinden soramaga mümkinçilik aldylar.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Gazak Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Prezident Erdogan, Gaza we Palestina Içgin Goldaw Berilmegi Üçin Çagyryş Etdi
Hakan Fidan Rus Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Erdogan Berdimuhamedow Bilen Duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow: Häzirki çylşyrymly döwürde Türkmenistanyň garaýşy berk we aýdyňdyr
Türkiýe Afrika Ýurtlary Bilen Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Edýär