“Astoria Garande” Gämisi Üçünji Gezek Amasra Geldi

Russiýanyň Soçi şäherinden 843 syýahatçysy bilen ýola çykan “Astoria Grande” atly ýolagçy gämisi üçünji gezek Amasra portuna geldi.

Stambuldan soň Amasra portuna gelen 470 ekipažy bolan gäminiň ýolagçylaryny Şäher häkimi Rejai Çakyr bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar garşylady.

Ýolagçylar şäherdäki Çekijiler bazaryna, Uly porta, Amasra galasyna we Kemere köprüsine baryp gördi.

“Astoria Grande” atly ýolagçy gämisi 3-nji awgustda 350, 14-nji sentýabrda hem 779 ýolagçysy bilen Amasra gelipdi.

Ýene degişli makalalar

Izmir Portuna Möwsümiň Ilkinji Kruiz Gämisi Geldi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Amasra ýylyň ilkinji kruiz gämisi geldi
Amasra 5 Aýda 5 Müň 183 Rus Syýahatçy Geldi
Sinop Şäherine 4 Aýda Kruiz Gämileri Bilen 3 Müň 458 Syýahatçy Geldi
“Astoria Grande” Atly Kruiz Gämisi Sinop Portuna Geldi