Astrahan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

Astrahan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

W.N.Tatişşew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli telewiktorina geçirildi. Çäre Dostluk teleköprüsi taslamasynyň çäklerinde guraldy-diýip, Astrahan döwlet uniwersitetiniň web sahypasynda habar berildi.

Bu çärä Astrahan döwlet uniwersitetin talyplary, Astrahandaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän orta mekdebiň şeýle hem Aşgabadyň A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda Astrahan döwlet uniwersitetiniň halkara işleri boýunça prorektory Angelina Fadina we Aşgabadyň A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň müdiri Irina Kuminowa gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Soňra onlaýn görnüşinde iki bilim edarasynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişmek dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly sowal-jogap alşyldy. Gatnaşyjylar bilim derejelerini, ukyp-başarnyklaryny görkezip, beýik türkmen şahyrynyň ajaýyp goşgulary ýerine ýetirdiler.

Ýene degişli makalalar

Bodruma ägirt uly gämi bilen 4 müň 187 syýahatçy geldi
Garaşylmadyk habar: Al-Aýnyň baş tälimçisi işden gitdi
Kuraş 2023: Sanjar Abdyrahmanow çärýekfinala çykdy
Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasynda The Korea Herald habarlar agentliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Hytaýda Täze ýyla taýýarlyk görýärler
Gypjak dili döwründe ýazylan eserler