Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli konsert we baýramçylyk çäreleri geçirildi

Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli konsert we baýramçylyk çäreleri geçirildi

Şu günler türkmen wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan çärelere gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitinde iş saparynda bolýar. Düýn wekiliýetiň agzalary Astrahan sebitiniň Priwolžskiý etrabynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän orta mekdepde guralan dabaraly konserte we beýleki baýramçylyk çärelerine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygy Turkmenportala habar berdi.

Astrahan sebitiniň bilim we ylym ministri Mariýa Şalak türkmen wekiliýetini mähirli garşylap, beýik türkmen şahyrynyň edebi mirasynyň Astrahan sebiti bilen Türkmenistanyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi güýçlendirmekde möhüm orna eýedigini belläp geçdi.

Dabarada Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Aleksandr Amanow çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň başlanmagy bilen gutlady we Astrahan sebitiniň ýolbaşçylaryna görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň ösmegine goşant goşan beýik akyldar. Ol öz goşgularynda Watana bolan çäksiz söýgüsini täsirli beýan edýär. Eserleri dünýä edebiýatynyň hazynasynda mynasyp orun alan Magtymguly Pyragynyň ady dünýäniň köp ýurtlarynda giňden tanalýar diýip, Aleksandr Amanow belledi.

Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanow Türkmenistan bilen Russiýanyň köp ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen Funtowo obasynda gurlan Magtymguly Pyragynyň adyndaky orta mekdebiň iki halkyň dostlugyny alamatlandyrýandygyny belledi. Belleniliş ýaly, bu mekdepde okuwçylar rus we türkmen halklarynyň medeni aýratynlyklaryny we däp-dessurlaryny öwrenýärler.

Mundan başga-da, wekiliýetiň agzalary beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan suratlaryň sergisine baryp gördüler. Oňa 1-nji synpdan 9-njy synpa çenli bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Şeýle-de türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ady bilen düzme bäsleşigi geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
Astrahanda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meselesi öwrenilýär
Şahyr Süleýman Ilamanow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi
20.12.2020 | Resmi habarlar
Resmi habarlar
27.01.2021 | Resmi habarlar