Astrahanyň gubernatory: Sebitiň kompaniýalary Hazarda gämi gatnaw ugruny döretmäge taýýar

Astrahanyň gubernatory: Sebitiň kompaniýalary Hazarda gämi gatnaw ugruny döretmäge taýýar

Astrahanyň gämi gatnawlaryny amala aşyrýan kompaniýalary Hazar deňzinde Astrahan bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda gämi gatnaw ugrunyň döredilmegine gatnaşmaga taýýar diýip, Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin şenbe güni Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäginde TASS agentligine beren interwýusynda aýtdy.

Şeýle hem Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin floty giňeltmek üçin sebitiň mümkinçiliginiň bardygyny belledi.

Biz gämi gatnawlaryny amala aşyrýan kompaniýalarymyz bilen “Olýa” Astrahan porty bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda gämi gatnaw ugruny açmak meselesinde iş alyp bardyk we olar bu işe gatnaşmaga taýýar” diýip, Astrahan oblastynyň gubernatory interwýuda aýtdy.

Mundan başga-da, Igor Babuşkiniň aýtmagyna görä, Astrahanyň gämi gurluşyk kompaniýalary "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesinde ýük gatnawynyň ösmegine we Hazar deňizi boýunça haryt daşalanda ýük eýeleriniň çykdaýjylaryny azaltmaga ýardam berjek Hazar deňziniň gämi gatnaw ugrunda işlemek üçin gämileri gurmaga taýýar.

Astrahan oblastynyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek babatda “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen “Lotos” aýratyn ykdysady zolagy” paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda meýiller hakynda Ähtnama şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Astrahanda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meselesi öwrenilýär
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmen konsuly Astrahan sebitiniň gubernatory bilen ilkinji duşuşygyny geçirdi
Astrahanyň daşary aragatnaşyklar ministri Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa iş sapary başlandy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ispaniýanyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi we beýleki habarlar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI