AŞTU aragatnaşyk hyzmatlary bermegiň häzirki zaman görnüşlerini ýaýbaňlandyrýar

AŞTU aragatnaşyk hyzmatlary bermegiň häzirki zaman görnüşlerini ýaýbaňlandyrýar

Yslam Ösüş banky tarapyndan ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen goýberilen serişdeleri özleşdirmegiň hasabyna durmuşa geçirilýän birnäçe taslamalaryň çäklerinde Aşgabat şäheriniň telekommunikasiýa infrastrukturasyny düýpgöter özgertmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Bu babatda Aşgabat şäher telefon ulgamy ÝGPJ Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we edara-kärhanalaryna häzirki zaman GPON (Gigabit passive optical network) tehnologiýasyny ulanmak arkaly aragatnaşyk hyzmatlaryny ýokary hil derejesinde amala aşyrmagyny dowam edýär.

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän nebitgaz pudagynyň ýokary amatlykly ýaşaýyş toplumynyň 20 sany köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 1 536 sany öýleriniň her birine GPON tehnologiýasyny ulanmak bilen, optiki-süýümli kabelleri çekildi.

Şeýle hem Aşgabat şäher telefon ulgamy ÝGPJ-niň öz serişdeleriniň hasabyna paýtagtymyzyň 11-nji kiçi etrapçasynda, Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky kottej jaýlarynda, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugry bilen Gurbansoltan eje şaýolundan Oguzhan suw çüwdürimler toplumynyň aralygynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynda, 7/3-nji kiçi etrapçasynda, Magtymguly şaýolunyň ugrundaky Taslama we Tähran köçeleriň aralygynda (paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyry), Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň ugrundaky 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynda, Tähran köçesiniň ugrundaky söwda-dynç alyş we işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan binalar toplumynda, Taslama köçesiniň ugrundaky köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky öýlerde we olaryň aşaky gatlaryndaky işewürlik ofislerde umumy göwrümi 17 941 nokat bolan GPON tehnologiýaly ulgamlar üstünlikli işledilýär.

Maglumatlary geçirmek üçin amatly gurşaw hökmünde optiki-süýümli kabelleri hemmetaraplaýyn ulanmak häzirki wagtda iň amatly usul bolup, müşderiler tarapyndan göwrüme we ýokary maglumat geçiriş tizligine barha artýan islegleri kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Müşderilere telefon aragatnaşygy, Internet we IP telewideniýe hyzmatlaryny amala aşyrmakda GPON tehnologiýasynyň ulanylmagy her bir öýe sekuntda 100 megabaýt tizlikli Internet hyzmatyny hödürlemäge mümkinçilik döredýär, bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek boýunça tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

GPON, ýagny passiw, aragatnaşyk beketlerinden müşderiniň öýüne barýan ugrunda sandan çykmagy bilen tehniki bökdençlik döredip biljek hiç hili goşmaça elektrik iýmitlendiriş çeşmeleri bolmadyk optiki ulgamlary gurnamak Aşgabat şäher telefon ulgamy ÝGPJ tarapyndan gelejekde şäheriçi paýlaýyş aragatnaşyk torlaryny döretmegiň ileri tutulýan tilsimatlarynyň birine öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

AŞTU: Call center — siziň biznesiňiz üçin
Aşgabat şäher telefon ulgamy ÝGPJ Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guralan üstünlikleriň sergisine gatnaşýar
6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Aragatnaşykçy ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlaryna mynasyp boldular
Türkmenistanda kimler ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzy alyp bilýärler, ýyly günlerden soň Türkmenistana sowuk howa aralaşar, Türkmenbaşyny we Bakuny deňizüsti fider ýük daşamalary birleşdirer
Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça deňiz ýük gatnawy ýola goýuldy