Asuda asmanda-parahat ilde, şatlyga beslenýär her bir günümiz

Asuda asmanda-parahat ilde, şatlyga beslenýär her bir günümiz

Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzyň toýlardan toýlara ulaşýan günlerinde Watan goragçylarynyň güni uly dabara, aýdym-saz bilen bellenilip geçilýär. 2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda hem Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgünde 3-nji, 4-nji, 7-nji çagalar sungat mekdebi we A.Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen bilelikde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Asuda asmanda-parahat ilde, şatlyga beslenýär her bir günümiz ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Bu konsertde ýürekleri aýdym-sazdan doly bolan zehinli çagajyklar birnäçe eserleri ýerine ýetirip diňleýjilerde has-da uly täsir galdyrdy.Olaryň ýerine ýetiren ajaýyp eserleri aýdymdyr sazlary uly şowhuna we ruhubelentlige beslendi.

Bu konserte mugallymlar, harby gullukçylar, myhmanlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Ýurdumyzda höküm sürýän agzybirlik, jebislik asylly maksatlara tarap barýan ýolumyzda bize täze üstünlikleriň, rowaçlyklaryň garaşýandygyny ynandyrýan, şeýle ajaýyp döwrebap sahnalarda çykyş edip çagajyklaryň öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ähli mümkinçilikleri döredip beryän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Eziz Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!Gülzada JUMAÝEWA

Ýene degişli makalalar

Mekdep okuwçylarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty atly onlaýn test bäsleşigi geçirildi
23.09.2017 | Türkmen topary V Aziýa oýunlarynda umumy sanawda öňdeligi eýeläp gelýärler
25.09.2017 | Türkmen ýygyndy toparynyň ýeňişleri
Teatra örkli ömür
29.01.2018 | Türkmen kikboksing türgenleri halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler