ASUDALYGYŇ SYNMAZ BINÝADY

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanbedew batly at-myradyň mekany ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýokary synp mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda Asudalygyň synmaz binýady ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.Kitaphana hünärmenleri tarapyndan döredilen giňişleýin kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary ýerleşdirildi.

Kitaplar ýaşlarymyz üçin gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe babatda görelde mekdebidir.Watansöýüji nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde bu ajaýyp kitaplar bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynadyr, kämillige tarap barýan ýollarymyzda şamçyragdyr, ýol görkeziji nusgalyk taglymatdyr.

Söhbetdeşlige gatnaşyjylar ajaýyp döwrümizde okamana, öwrenmäne ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/765.jpg)

Ýene degişli makalalar

Kitaphana rowaçlyklara badalga
Bagtyýar nesilleriň nagmalary
Kitaphana syny
ZENAN ZEMIN ZYNATY
KITAPHANA IŞINI KÄMILLEŞDIRMEK
KITAPHANALAR HALKYŇ RUHY BAÝLYGYNYŇ ÇEŞMESI
KITAP SERGILERIŇ TÄSIRLILIGI WE ÖZÜNE ÇEKIJILIGI