Asyrlara ýaň salýar milli mirasym

Asyrlara ýaň salýar milli mirasym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň Bagt köşgi toý-dabaralary merkezinde Asyrlara ýaň salýar milli mirasym ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ruhyýeti kalby bilen utgaşyp, milliligi süňňüne siňen türkmen halkymyzyň gadymyýetden şu güne çenli mukaddeslik höküminde getiren medeni mirasy belent derejede sarpalanyp, şol milliligimizi bagtyýar nesillerimize ýetirmekde, ony gorap saklamakda möhüm işler durmuşa geçirilýändigini, bu bolsa halkymyzyň medeni mirasy özüniň köpöwüşgünliligi bilen tapawutlanýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Şygyr äleminiň göwher gaşy
TFÇ ― 2024: 15-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Reňkleri dillendiren ussat
TFÇ ― 2024: Altyn asyr Aşgabady ýeňip, ikinji orna gaýdyp geldi
Nahajul Faradis atly eseriň türki dile goşan goşandy
Prezident Erdogan Ordu Welaýatynda Çykyş Etdi