Audi R8 — awtosport üçin iň gowy howpsuzlyk awtomobilleriniň sanawynda birinji

Audi R8 — awtosport üçin iň gowy howpsuzlyk awtomobilleriniň sanawynda birinji

Hünärmenler iň gowy howpsuzlyk awtoulaglarynyň sanawyny düzdüler. Reýtinde awtosport üçin iň gowy howpsuzlyk awtomobili hökmünde Audi R8 saýlandy, diýip car.ru habar berýär.

Awtosportda howpsuzlyk awtomobili diýlip sport ýaryşlary wagtynda lukmanlar we beýleki ýörite gulluklaryň işgärleri tarapyndan ulanylýan dürli dünýä öndürijileriniň ulaglaryna düşünilýär.Bu hili awtomobiller ýaryş wagtynda howpsuzlygy üpjün edýän gulluklar üçin ulag serişdesi hökmünde ulanylýar.

Reýtingiň lideri barada aýdylanda, hünärmenler Germaniýanyň Audi awtomobil gurluşyk kompaniýasyndan R8 nusgasyny awtosportda iň gowy howpsuzlyk awtomobili diýip atlandyrdylar. “Formula-E” seriýasynda howpsuzlyk awtomobili hökmünde ulanylýan BMW i8 Roadster elektrik modeli sanawyň ikinji ornuny eýeleýär.

i8 awtomobili FIA tarapyndan tassyklanan ilkinji açyk kabinaly howpsuzlyk awtomobili boldy. Üçlügi Mercedes-AMG GT jemleýär.Bu awtomobil ýaryşyň weterany hasaplanylýar, sebäbi ol wezipesinde 2015-nji ýyldan bäri işleýär.

Howpsuzlyk awtomobiliniň resmi sürüjisi Bernd Maýlander German Touring Car seriýasynyň ýaryşlaryndaky tejribesi bilen bu modeliň işlenip düzülmegine öz goşandyny goşdy.Iň gowy howpsuzlyk awtomobilleriniň sanawyna şeýle modeller hem girdi: Jaguar XJ 1-Series, Lexus RC F, Lamborghini Countach, BMW M4, Chevrolet Camaro we Tatra T-623 R.

Ýene degişli makalalar

Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi
Lexus-yň BMW M3-e bäsdeşi öňküsindenem kuwwatlandy
Gibrid ulaglaryň sany artýar
Balkanda ulaglar gymmatlaýar, söwdagärler häkimiýetleriň gysyşynyň güýçlenendigini aýdýarlar
Türkmenistan günbatar döwletleriniň ulaglaryny çäklendirip, hytaý awtoulaglaryny öňe sürýär