Awaza milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsüme badalga berildi

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsüme badalga berildi

Ýaňy-ýakynda bu ýere Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinden körpeleriň uly topary gelip, häzirki wagtda olar göwnejaý dynç alýarlar.

Dürli derejeli myhmanhanalaryň, kottežleriň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň 34-si hem-de Awaza şypahanasy bu ýere wagtlaryny şadyýan geçirmäge, saglygyny dikeltmäge gelýän raýatlara ýokary derejede hyzmat edýär diýip, Türkmenistan: Altyn asyr neşiri ýazýar.

Hünärmenleriň gürrüň bermeklerine görä, syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelýän raýatlaryň sany barha artýar.

Olar dynç alyş, sagaldyş binalarynda, seýilgählerde, aýdym-saz merkezlerinde, sport desgalarynda, deňiz kenarynda we beýleki ýerlerde ýokary hil ülňülerine laýyk döredilen amatlyklardan netijeli peýdalanyp, bu meşhur zolagyň täsinliklerinden lezzet alýarlar.

Dynç alyş zolagynda welosipedli gezelenç etmek üçinem hemme amatlyklar döredilen.

Bu ýerde her gün dürli ýaryşlar we şüweleňler geçirilýär. Bu bolsa ulularyň we körpeleriň şadyýan dynç almaklaryna şert döredýär diýlip, çeşmede bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Tebigy gazyň, bug gazanlarynyň basyşy pes, köp gatly jaýlarda ýokarky gatlara ýylylyk barmaýar
Raýatlar durnuksyz Internet üpjünçiliginden şikaýat edýär
Türkmen migranty: Çagalykda hirurg bolmagy arzuw edýärdim, ýöne kurýer boldum
Diňle: Dynç alyş möwsüminde çagalaryň dilegçiligi problemasy ýitileşýär
Diňle: 'Mertebeli myhmany' garşylamaga taýýarlanýan Lebabyň iri bazarynda söwda ýarmarkasy gurnaldy
Mertebeli myhmany’ garşylamaga taýýarlanýan Lebabyň iri bazarynda söwda ýarmarkasy gurnaldy