Awazada dynç aljak raýatlara rugsatnama resminamalary berler

Awazada dynç aljak raýatlara rugsatnama resminamalary berler

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen göçme mejlisine gatnaşdy.

Mejlisde Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow ählumumy pandemiýany, dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň bu ulgama ornaşdyrylmagyny nazarda tutup, gullugyň işini kämilleşdirmek hem-de sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekdi hem-de tomusky dynç alyş döwründe ýörite topary döretmegi tabşyrdy. Şol topar Awaza milli syýahatçylyk zolagynda beýleki ugurdaş edaralar bilen utgaşyklykda, degişli işleri geçirmelidir. Şunda raýatlara berilýän rugsatnama resminamalarynyň düzgünlere laýyk gelmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görlüşi, dürli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy mundan beýläk geçirilmeli işler barada hasabat berdi.

Türkmen Lideri hasabaty diňläp, ýokanç kesellerden goranmak maksady bilen, amala aşyrylýan öňüni alyş çäreleriniň uly ähmiýete eýedigini belläp, ilatyň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.Döwlet Baştutany raýatlaryň degişli resminamalarynyň bolmagyna, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilişine degişli gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Hökümetiň şu ýylyň dört aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisi geçirildi
Berdimuhamedow Hökümetiň agzalaryna Awazada dynç almagyň tertibi bilen bagly tabşyryklary berdi
Döwlet migrasiýa gullugy tomusky dynç alyş döwri üçin ýörite topary döreder