Awazada ulag ugurly halkara forum geçirildi

15-16-njy awgustda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40-a golaý döwletiň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşdylar.Bu çäre BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň ýolbaşçylaryny, hususy ulgamyň, hökümete dahylsyz birleşikleriň, ylmy toparlaryň wekillerini birleşdirdi.Ministrler maslahatynyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň (DÇBÖBD) durnukly ulag we onuň bilen bagly durnukly ösüş maksatlary ulgamynda gazanan ösüşini seljermekden, şunuň bilen baglylykda, koronawirus ýokanjy pandemiýasynyň we beýleki wehimleriň täsirini kesgitlemekden ybaratdyr. Şeýle hem COVID-19-dan soňky dikeldiş üçin ulagyň esasy orny howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak we oňa uýgunlaşmak bilen bagly meselelere garaldy.Forumyň wezipeleri koronawirus pandemiýasyndan soň, düzümi maliýeleşdirmek, onuň durnuklylygyny üpjün etmek üçin bilimleri, tejribäni we innowasion çemeleşmeleri çözgütleri alyşmak, DÇBÖBD-de ulag düzüminiň ösüşini we tehniki taýdan hyzmat edilişini gowulandyrmak üçin maslahatlary hem-de mümkinçilikleri ýüze çykarmak, DÇBÖBD-niň bähbitleri üçin ulag ulgamynda halkara goldawyny giňeltmek hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak forumyň esasy wezipeleri boldy.Mälim bolşy ýaly, bu forumy biziň ýurdumyzda geçirmek başlangyjy Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylda kabul edilen Kararnamada berkidildi.

Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdiTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşyjylara wideo ýüzlenmesini iberdi.Döwlet Baştutanymyz halkara maslahata gatnaşyjylara iberen wideo ýüzlenmesinde Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidir diýip belledi.Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynda ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek baradaky meselä seretmegi teklip etdi.Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagtyň ýetendigine hem aýratyn üns çekdi.Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, şol resminama biziň döwletlerimiziň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge, degişli meseleleriň ähmiýetini açyp görkezmäge we olara düşünmäge ýardam berer.

BMG-niň Baş sekretary durnukly ulag hereketlerinde tagallalary birleşdirmäge çagyrdyDeňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş ýüzlendi.Ýüzlenmäni BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili hanym Rabab Fatima okady.BMG-niň Baş sekretary deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag arabaglanyşygyny gowulandyrmagyň ýolunda uly päsgelçilikleriň bardygyny aýdyp, öz hatynda deňsizligi çuňlaşdyrýan we howanyň üýtgemegine durnukly bolmadyk sazlaşyksyz düzümiň, serhetden geçilýän köp sanly nokatlaryň bardygyny, çylşyrymly üstaşyr we serhet çärelerini esasy bökdençlikleriň hatarynda görkezdi.

Gatnawlarda bökdençlikler, ýokary ulag çykdajylary COVID-19 pandemiýasy netijesinde ýüze çykan goşmaça kynçylyklaryň hatarynda bellenildi.Ýüzlenmede ulag ulgamynyň ozalky ösüş ýoluna düşmegi, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň BMG-niň howandarlygyna doly bil baglap bilmekleri üçin bile hereket etmegiň möhümdigi nygtaldy.Şeýle-de, geografik meseleleriň çözülmegi üçin innowasiýalary we tehnologiýalary doly derejede bilelikde ulanmagyň ähmiýeti, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin aragatnaşygyň durnukly ösüşi babatda tagallalary birikdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Ýokary wekil hoşallyk bildirdiBMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary we az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili hanym Rabab Fatima foruma sanly ulgam arkaly goşuldy.Ol duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize we Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde ulag ulgamyny durnukly ösdürmekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halkara giňişlikde alyp barýan işi we forumy geçirmek başlangyjyny öňe sürendigi üçin hoşallyk bildirdi.Bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler ygtybarly ulag düzümine we sebitleýin hem-de dünýä söwdasyna işjeň gatnaşmak üçin netijeli üstaşyr gurallarynyň döredilmegine garaşly bolup durýarlar.Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag babatda sebitara we halkara gatnaşyklaryny gowulandyrmak, üstaşyr ugurlary giňeltmek üçin onuň kadalaşdyryş-hukuk binýadyny we düzümleýin gurallaryny kämilleşdirmek, sanly ulgamy işjeňleşdirmek, geçelgeleriň işine goldaw bermek üçin oýlanyşykly syýasaty işläp taýýarlamak, şeýle hem mümkin bolan ähli çeşmelerden maliýe serişdelerini çekmegiň hasabyna ekologiýa taýdan arassa we netijeli ulag ýollaryny ösdürmek, ulag düzümindäki päsgelçilikleri aradan aýyrmagyň esasy bäş ugry hökmünde görkezildi.

Halkara maslahatda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bütindünýä toparynyň başlygy, Botswana Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Kollen Wiksen Kelapile, BMG-niň Afrika üçin Ykdysady komissiýanyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary jenap Pedro Antonio, Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary doktor Kunio Mikuriýa, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Saýed Mohsen Esper, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretary jenap Umberto De Pretto, ÝewropaKawkazAziýa Halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) Hökümetara komissiýasynyň hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow ýaly ýokary wezipeli wekiller çykyş edip, forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Türkmenistanyň Hökümetine çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Olar forumyň ähmiýeti barada aýdyp, sebit we halkara derejede ýakynlaşmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny pugtalandyrmakda dürli ýurtlaryň ulag ulgamlaryny birleşdirýän ulag-üstaşyr geçelgeleriň möhüm ornuny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady işiň we durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda umumy tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

Halkara forum plenar mejlisler görnüşinde öz işini dowam etdiCOVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde durnukly ykdysady ösüş üçin ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak we maliýeleşdirmek üçin başlangyçlar we çözgütler barada tejribe alyşmak atly ýokary derejedäki birinji mejlis Awaza kongresler merkezinde geçirildi.Ministrler derejesindäki pikir alyşmalaryň çäklerinde pandemiýadan soňky döwürde durnukly ykdysady ösüş üçin ulag gatnawlaryny gowulandyrmak hem-de maliýeleşdirmek boýunça başlangyçlar hem-de teklipler beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, ulag özara baglanyşygynyň esasy meselelerine garaldy.

Bu özara baglanyşyk koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli tutuş dünýäde çäklendirilipdi, ol aýratyn-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň söwda hem-de ulag gatnaşyklaryna ýaramaz täsir etdi.Bellenilişi ýaly, şu gezekki duşuşygyň esasy maksady has ýokary hilli, dessin hem-de ykdysady taýdan bähbitli ulag hyzmatlaryny hödürlemek arkaly yklymara söwda hem-de syýahatlara goldaw bermekde köp ýurtlaryň hem-de guramalaryň tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr.Türkmen tarapynyň wekilleri döwletimiziň gazanan üstünlikleri barada aýdyp, Türkmenistanyň ulag boýunça esasy halkara konwensiýalara gatnaşyjy bolmak bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu ugurdaky dört Kararnamasyny, hususan-da, Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda, Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek, Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek atly Kararnamalaryny kabul etmek başlangyjy bilen çykyş edendigini bellediler.Umumy mejlisiň barşynda çykyş eden Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hytaýyň, Pakistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Malawiniň, Burkino-Fasonyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Saud Arabystanynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gruziýanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Hökümetine hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň toparyna bu çäräni ýokary derejede guramak babatda uly tagallalary edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.Bellenilişi ýaly, saglygy goraýyş ulgamyndaky ählumumy çökgünlik ulag ulgamyndaky aragatnaşygyň hem-de durnuklylygyň hemmeler üçin ileri tutulýan ugur bolmalydygyny görkezdi.

Olar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda söwda babatdaky kynçylyklar barada aýdyp, bu meseläniň çözgüdiniň amallaryň täze nusgalaryny, maýa goýumlarynyň artdyrylmagyny, durnukly we bäsdeşlige ukyply ulag hem-de üstaşyr ulgamlaryny döretmek üçin maliýeleşdirmegi we täze tehnologiýalary ulanmagy talap edýändigini nygtadylar.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazanylan tejribeler we meselelerGünüň ikinji ýarymynda Berkarar myhmanhanasynda geçirilen mejlislerde Wena hereketler maksatnamasynyň ulag aragatnaşygynyň anyk wezipelerine hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazanylan tejribeler we meseleler, şeýle hem Pandemiýadan soňky döwürde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ulag aragatnaşygyny maliýeleşdirmek esasy meseleler we çözgütler diýen ugurlara garaldy.

Türkmenistan tarapyndan ulag ulgamynda sebit we dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, onuň has oňaýly görnüşlerini işläp taýýarlamaga gönükdirilip öňe sürlen netijeli başlangyçlaryň wajypdygy we olara islegiň uludygy nygtaldy.Bellenilişi ýaly, üstaşyr ulag ulgamynda netijeli ugurlaryň döredilmegi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň toparynyň dünýä ykdysadyýetine ýakynlaşmagy üçin örän wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň bu ugurdaky bar bolan kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagynyň möhümdigine üns çekildi.Pikir alyşmalaryň çäklerinde forumyň wekilleri şu maslahatyň awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny özüne birleşdirýän ulag ulgamlarynyň sazlaşykly ösmegine, bu ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin intermodal logistiki merkezleri döretmäge ýardam etmelidigi barada umumy pikiri aýtdylar.Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekilleri bilen birnäçe daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Geçirilen duşuşyklarda sebitiň we dünýäniň dünýä ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine kuwwatly itergi berjek täze ulag geçelgelerini döretmek we ozal hereket edýänlerini giňeltmek boýunça geljegi uly taslamalary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek atly maslahat16-njy awgustda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady.

Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek atly maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guraldy.Foruma gatnaşyjylar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde ulag ulgamyndaky işleriň ýagdaýynyň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň, şu babatda koronawirus ýokanjynyň pandemiýasynyň we beýleki wehimleriň täsirini kesgitlemegiň umumy bähbitlere has anyk göz ýetirmäge, garaýyşlaryň ýakynlaşmagyna, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze nusgalaryny işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.Aşgabat ylalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň, hususan-da, Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň wekilleri şu üstaşyr ulag geçelgäniň ugurlary bilen baglanyşykly ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.Şeýle hem tehniki häsiýetli meseleleriň birnäçesine garaldy.

Wekiliýetleriň agzalary Aşgabat ylalaşygyna gol çeken döwletleriň logistik merkezleriniň netijeliligini we ornuny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, ähli ýurtlaryň logistik merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.Mejlisiň jemleri boýunça halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 2-nji mejlisiniň Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamasy kabul edildi.Maslahatyň çäklerinde resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawy hakyndaky Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň arasynda halkara awtomobil daşamalary ösdürmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmendeňizderýaýollary agentligi bilen Gruziýanyň Deňiz ulag agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bar.Şeýle hem forumyň çäklerinde ýurdumyzyň wekilleriniň daşary ýurtly wekiller bilen geçiren duşuşygynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, gyzyklanma bildirilýän taraplaryň täze ulag-logistika ugurlaryny döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Forumyň netijeleri boýunça deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň Jemleýji Beýannamasy kabul edildi.

Jemleýji mejlisiň barşynda forumyň wekilleri tarapyndan iki günüň dowamynda geçirilen işiň netijeleri jemlenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda täze utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berildi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Abu-Dabi ugry boýunça uçuşlary amala aşyrar, Aşgabatda gazak şahyrynyň ýadygärligi peýda bolar we beýleki habarlar
BAE-de soňky 75 ýylda iň köp derejede ygal düşdi
Russiýanyň S7 Airlines awiakompaniýasy Türkmenistana yzygiderli gatnawlary dikelder
S7 Türkmenistana uçar gatnawlaryny dikeldýär
Türkmenistan 1-nji oktýabrdan Belarusa yzygiderli howa gatnawlaryny dikelder
Özbegistandan Russiýa awtobus gatnawlary gaýtadan dikeldilýär