Awgust aýynda geçiriljek esasy çäreler

28-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi.Hususan-da, awgust aýynyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 2023-nji ýylyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek meýilleşdirilýär. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde birnäçe çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.Mundan başga-da, geljek aýda Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň welaýat tapgyrlaryny, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi” atly maslahaty geçirmek, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahaty guramak, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny, Daşoguz şäherinde “Garaşsyzlyk — dillerimiziň dessany” atly festiwaly we maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
Iýul aýynda Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy bolar
Ýurdumyzda awgust aýynda geçiriljek medeni çäreler
Awgust aýynda Türkmenistanda nähili çäreler geçiriler?
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi