Awgust-oktýabr aýlarynda Türkmenistana 339 sany Hyundai awtobuslary getirildi

Awgust-oktýabr aýlarynda Türkmenistana 339 sany Hyundai awtobuslary getirildi

2020-nji ýylyň awgust-oktýabr aýlarynda 339 sany Hyundai awtobusy CJ ICM Logistics kompaniýasy tarapyndan Türkiýeden Türkmenistana getirildi diýip, SeaNews habarlar agentligi habar berýär.

Awtobuslar Koreýa Respublikasyndan deňiz ýoly arkaly Türkiýä getirildi.Izmirde türk logistika kompaniýasynyň hünärmenleri awtobuslary derýa-deňiz gämilerine ýükläp, ýurdumyza ugratdylar.Awtobuslar şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan amal edilen döwlet satyn almalarynyň bir bölegi hökmünde getirildi.

Umuman, Türkmenistan Koreýa Respublikasyndan 400 awtobus satyn alar.Awgust aýynyň başyndan oktýabr aýynyň ahyryna çenli soňky bellenilen nokady Türkmenbaşy halkara deňiz porty bolan Wolgo-Don kanalynyň üsti bilen ýükli jemi ýedi gämi iberildi.

Ýene degişli makalalar

"SpaceX", "Alibaba" we "Boeing" Aşgabatda geçiriljek transport maslahatyna gatnaşarlar
Halkara ulag maslahaty we sergisi başlady
Aşgabatda ulag ulgamyna bagyşlanan halkara maslahat öz işine başlady
Aşgabatda üstaşyr-ulag ulgamy boýunça halkara forum öz işine başlady
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirlen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly 2-nji halkara maslahaty we sergisi öz işini tamamlady
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirlen “Halkara...
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar