Awstraliýa waksinaly syýahatçylara serhedini açýar

Awstraliýa waksinaly syýahatçylara serhedini açýar

Awstraliýanyň premýer ministri Skott Morrison, pandemiýa zerarly ýapylan ýurdyň daşky serhetleriniň, 21-nji fewralda açyljakdygyny mälim etdi. Bu barada Российской газеты internet portaly habar berýär.

Premýer ministr Morrison, Awstraliýa wizasyna eýe bolan her bir syýahatçynyň ýerine ýetirmeli düzgünini düşündirdi, Her kim waksina barlagyndan hökmany suratda iki gezek geçmelidir. Bu düzgüni, hemme adam ýerine ýetirer diýip umyt edýäris.

Belläp geçsek, Awstraliýa, ýurdyň daşky serhetlerini, dünýäde ýüze çykan ýokanç kesel zerarly mundan iki ýyl ozal ýapypdy. Ýakynda bu ýurt öz serhedini Täze Zelandiýa we Singapur ýurtlary üçin açdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Ýurtlary Russiýa Sanksiýalaryny Giňeldýär
“CONCACAF Gold Cup” futbol bäsleşigi
Ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda tamamlanan ýaryşlaryň ýeňijileri: