Awstraliýada Titanik gämisiniň nusgasyny suwa goýbermekçi bolýarlar

Awstraliýada Titanik gämisiniň nusgasyny suwa goýbermekçi bolýarlar

Awstraliýada 1912-nji ýylda gark bolan meşhur Titanik transatlantik gämisiniň nusgasyny gurup, suwa goýbermekçi bolýarlar. Ol 2027-nji ýylda gatnawa goýberiler diýip, Daily Mail neşirine salgylanýan Ren.tv habar berdi.

Gämini ýerli milliarder Kliw Palmeriň Blue Star Line kompaniýasy gurmakçy.

Dokuz palubaly gämi iň häzirki zaman howpsuzlyk we nawigasiýa ulgamlary bilen üpjün ediler, onuň bezegi bolsa, asyl nusgadaky gäminiňkä meňzeş bolar. Ol ilkinji gatnawyny öňki gark bolan Titanik ýaly, Sautgemptondan Nýu-Ýorka amala aşyrar.

Deslapky maglumatlara görä, täze Titanigiň bahasy milliard funt-sterlinge deň bolar. Işewür Palmer bu taslama gatnaşmaga isleg bildirip, köp adamyň isleg bildirendigini habar berdi, diýmek, gämini gurmakda serişde ýeterlik bolar.

1912-nji ýylyň 15-nji aprel gijesi Atlantik ummanynda buzdagy bilen çaknyşyp, suwuň astyna giden Titanik gämisinde 2200-den gowrak ýolagçy bardy. Olaryň 1,5 müňüsi heläk boldy, 712 ýolagça we ekipažyň agzalaryna halas bolmak başartdy.

Ýene degişli makalalar

OceanGate ummanyň düýbüne Titanigiň galyndylaryna syýahatçylygy gaýtadan açýar
110 ýyldan soňra surata düşürildi 
Batanyna 110 ýyl boldy
Titanik gämisiniň ýolagçysynyň sagady 1,175 million funt sterlinge satyldy
Kristian Beýl iň oňat keşpleriň Di Kaprio hödürlenýändiginden nägile
iPhone üçin wiruslardan we bakteriýalardan saplanmaga ukyply çehol çykaryldy